OpenAI kompaniýasy ChatGPT Translate atly täze mugt web-hyzmatyny hödürledi. Bu hyzmat emeli aň mümkinçiliklerini ulanyp, tekstleri takyk terjime etmäge niýetlenendir. Rus dili doly goldanylýandygyna garamazdan, platforma häzirki wagtda Russiýada resmi taýdan elýeterli däl.
Täze hyzmatyň interfeýsi örän ýönekeý: tekst girizmek we netijäni almak üçin iki penjire bar. Bäsdeşlerden esasy tapawudy — terjime stilini saýlap bilmek mümkinçiligi. Ulanyjy gury teksti dessine düýpli işewür hat görnüşine geçirip ýa-da ony çagalar bilen aragatnaşyk üçin ýönekeýleşdirip biler.
Häzirki wagtda hyzmat takmynan 50 dili goldaýar. Saýtyň mobil görnüşi eýýäm mikrofon arkaly sesli soraglary etmäge mümkinçilik berýär. Ýakyn wagtda işläp düzüjiler suratlaryň içindäki tekstleri terjime etmek funksiýasyny goşmagy meýilleşdirýärler.
Bu gurallaryň işe girizilmegi OpenAI kompaniýasynyň gündelik durmuş üçin peýdaly hyzmatlary döretmek strategiýasynyň bir bölegidir. Mundan ozal kompaniýa ChatGPT Health atly lukmançylyk bölümini açypdy, indi bolsa “mehaniki” terjime täsirini duýdurmazdan dil päsgelçiligini ýeňip geçmek üçin ýokary hilli çözgüdi hödürleýär.
ORIENT
