15-nji ýanwarda Wikipediýa öz 25 ýyllyk ýubileýini belläp geçdi. 2001-nji ýylda batyrgaý tejribe hökmünde döredilen bu taslama häzirki wagtda dünýäde iň köp girilýän saýtlaryň arasynda ýedinji orny eýeleýär. Çärýek asyryň dowamynda onlaýn ensiklopediýa adaty kagyz neşirlerini doly derejede gysyp çykardy we milliardlarça adam üçin esasy bilim çeşmesine öwrüldi.
Taslamanyň taryhy esaslandyryjylaryň biri bolan Jimmi Ueýls tarapyndan edilen gysgaça “Hello, World!” ýazgysy bilen başlandy. Ilkibaşda Wikipediýa berk tankyt edilýärdi: islendik adamyň redaktirläp bilýän çeşmesiniň ygtybarly boljakdygyna bilermenler ynanmaýardylar. Emma wagt munuň tersini görkezdi. Häzirki wagtda sahypadaky ylmy makalalaryň takyklygy abraýly, tölegli neşirler bilen deňdir, bar bolan döwründe bolsa Wikipediýa 1,5 milliarddan gowrak düzediş girizildi.
Häzirki wagtda ensiklopediýa 342 dilde elýeterlidir. Bu internet taryhyndaky iň üstünlikli täjirçilik däl taslamadyr: saýt diňe ulanyjylaryň haýyr-sahawatlary arkaly işleýär we ýörelge hökmünde hiç haçan mahabat ýerleşdirmeýär. Wikipediýanyň maglumatlary şeýle bir ygtybarly boldy welin, hatda gözleg ulgamlary hem çalt jogaplary döretmek üçin ondan peýdalanýarlar.
Millionlarça adam üçin Wikipediýa aýrylmaz kömekçä öwrüldi. Adam faktoryna we redaktirleme jedellerine garamazdan, taslama maglumatlary barlamagyň özboluşly ulgamyny döretdi. Häzirki wagtda bu diňe bir web-saýt däl, eýsem planetadaky her bir adama adamzadyň ýygnan bilimlerine mugt elýeterlilik berýän global jemgyýetçilik gymmatlygydyr.
ORIENT
