Alphabet-iň täze rekordy: Google-yň baş kompaniýasy bazar bahasynda 4 trillion dollarlyk çägi geçdi

Amerikan tehnologiýa ägirdi Alphabet bazar bahasy 4 trillion dollardan geçen taryhda dördünji kompaniýa boldy. Emeli aň tehnologiýalarynyň çalt ösmegi bilen kompaniýanyň paýnamalary gymmatlap, Alphabet Nvidia, Apple we Microsoft bilen bilelikde dünýä liderleriniň elit toparyna goşuldy.
Ösüşiň esasy hereketlendirijisi Apple bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk şertnamasynyň baglaşylmagy boldy. Indi Google-yň emeli aň tehnologiýalary iPhone funksiýalarynyň işlemegini üpjün eder, şol sanda täzelenen Siri ses kömekçisini hem öz içine alar. Bu ylalaşyk Alphabet-iň emeli aň bazaryndaky esasy oýunçy hökmünde ornuny pugtalandyrdy we maýadarlaryň ynamyny artdyrdy.
Kompaniýanyň üstünligi Gemini AI atly täze emeli aň modeliniň ornaşdyrylmagy bilen hem baglanyşyklydyr. Bu model bilermenler tarapyndan ýokary baha berildi. Mundan başga-da, Alphabet maglumatlary işlemek üçin öz çiplerini öndürmegi işjeň ösdürýär. Bu ädimler OpenAI bilen bäsdeşlik baradaky aladalary aradan aýyrmaga we kompaniýanyň «neýrotorlar öwrülişiginiň» esasy peýda görýänleriniň biri hökmünde ornuny berkitmäge mümkinçilik berdi.
Soňky bir ýylyň dowamynda Alphabet-iň bazar maýalaşdyrmasy 65%-den gowrak artdy we kompaniýanyň umumy bahasyna takmynan 1,5 trillion dollar goşuldy. Maýadarlar we ulanyjylar üçin bu Google-yň üstünlikli ýagdaýda «emeli aňy esasy ugur edinýän kompaniýa» öwrülýändiginiň alamatydyr. Kompaniýa akylly tehnologiýalary ähli önümlerine — gözleg ulgamyndan başlap hyzmatdaş smartfonlaryna çenli — işjeň ornaşdyrýar.
ORIENT