Ýakyn günlerde Türkmenistanyň çäginde howa şertleriniň üýtgemegi çaklanylýar. Hepdäniň başynda howanyň maýyl bolmagyna garamazdan, ýurda has sowuk howa agramlarynyň aralaşmagy bilen temperaturanyň peselmegi we käbir welaýatlarda ýagynlaryň bolmagy mümkin.
Howa hünärmenleriniň maglumatlaryna görä, Türkmenistan sowuk antisiklonyň çetinde ýerleşýär. Şonuň bilen baglylykda, Gazagystanyň çäginden gelýän sowuk howa agramlarynyň täsiri çarşenbe we penşenbe günleri has güýçlener.
Duşenbe güni ýurduň çäginde möhüm ýagynlara garaşylmaýar. Gijesine howanyň temperaturasy −4…+1 gradus aralygynda, demirgazykda bolsa −7 gradusa çenli peseler. Ahal we Mary welaýatlarynyň käbir ýerlerinde −1…+4 gradus bolar. Gündiz Daşoguz welaýatynda we Balkan welaýatynyň demirgazygynda temperatura −4…+1 gradus, beýleki sebitlerde +2…+7 gradus aralygynda bolar.
Sişenbe güni Daşoguz welaýatynda gijesine temperatura −5…−10 gradusa çenli peseler. Beýleki sebitlerde gijeki temperatura −4…+1 gradus, käbir ýerlerde +3 gradusa çenli bolar. Gündiz ýurduň demirgazygynda −3…+2 gradus, beýleki sebitlerde +2…+7 gradus, günortada bolsa käbir ýerlerde +9 gradusa çenli ýokarlanar. Balkan, Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda gar gatyşykly ýagyş bolup biler. Balkan welaýatynda şemalyň tizligi 12–17 m/s çenli güýçlenmegi mümkin.
Çarşenbe güni sowuk howa agramlarynyň akymy güýçlener. Gijesine ýurt boýunça temperatura −4…+1 gradus, günorta-gündogarda +4 gradusa çenli bolar. Gündiz temperatura −3…+2 gradusa çenli peseler. Hazarýaka sebitlerinde howa has maýyl bolar. Balkan we Ahal welaýatlarynda gar gatyşykly ýagyşa we gara, Mary we Lebap welaýatlarynda bolsa ýagyşdan çyg gara geçýän ýagynlara garaşylýar. Ahal we Mary welaýatlarynda şemalyň tizligi 10–15 m/s çenli güýçlenmegi mümkin.
Penşenbe güni gijesine Daşoguz welaýatynda temperatura −6…−11 gradusa çenli peseler, beýleki sebitlerde −3…−8 gradus bolar. Hazar deňziniň kenarýaka sebitlerinde −1…+4 gradus garaşylýar. Gündiz Balkan welaýatynda temperatura +4…+9 gradusa çenli ýokarlanar, beýleki sebitlerde −4…+1 gradus bolar. Ahal welaýatynyň gündogar sebitlerinde, şeýle hem Mary we Lebap welaýatlarynda gar ýagmagy mümkin.
Anna güni temperatura has amatly bolar. Gijesine −1…−6 gradus, käbir ýerlerde +4 gradusa çenli bolar. Gündiz ýurt boýunça esasan +3…+8 gradus, käbir ýerlerde howa +11 gradusa çenli ýokarlanar.
Aşgabat şäherinde howa Duşenbe güni Aşgabatda gijesine −1…+1 gradus, gündiz +5…+7 gradus, ýagynsyz howa bolar.
Sişenbe güni gijesine 0…+2 gradus, gündiz +3…+5 gradus, agşama temperatura 0 gradusa çenli peseler. Ýagyşdan gara geçýän ýagyn bolup biler. Çarşenbe güni gijesine −1…−3 gradus, gündiz −2…−4 gradus, garyň ýagmagyna garaşylýar, ýollarda doňaklyk bolmagy mümkin.
Penşenbe güni gijesine −4…−7 gradus, gündiz −1…+2 gradus, ýagynsyz, doňaklyk ähtimallygy saklanýar.
Anna güni gijesine −4…−7 gradus, gündiz +4…+7 gradus, ýagynlar çaklanylmaýar.
ORIENT
