19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Doha Ylym we Tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Salem Al Nuaimi bilen dusuşyk geçirdi.
Duşuşygyň başynda Ilçi, Türkmenistanda 2026-njy ýyl “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Bedew Batly At-Myradyň Mekany” ýyly diýilip atlandyrylmagy hem-de Watanmyzyň Garaşsyzlygynyň 35-ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreler barada tanyşdyrdy.
Mundan başgada, Türkmenistanda bilim ulgamynyň ösüşi soňky ýyllarda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen berk baglanyşyklydygyny hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri we ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürip, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny, akademiki alyş-çalyşlary hem-de mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça taslamalary amala aşyrylýandygyny belledi.
Şeýle hem ýakyn wagtda, Doha Ylym we Tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleriniň Türkmenistana meýilleşdirilýän saparynyň çäklerinde garaljak, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada maslahatlaşdylar.
ORIENT
