10–14-nji ýanwar aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde matematika, fizika we informatika dersleri boýunça XXII Halkara Žautykow olimpiadasy geçirildi. Bu abraýly intellektual bäsleşige dünýäniň 16 ýurdundan 600-den gowrak zehinli mekdep okuwçysy gatnaşdy.
Türkmenistandan gatnaşan 28 okuwçydan ybarat topar ýokary taýýarlygyny görkezip, jemi 16 baýrakly orna mynasyp boldy: 1 altyn, 4 kümüş we 11 bürünç medal.
Aýratyn üstünligi Aşgabat şäherindäki 86-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow gazanyp, matematika dersi boýunça altyn medala eýe boldy.
Kümüş medallary toparyň hazynasyna Mälikşa Meýlismyradow, Myrat Ruslanow we Selim Hommatdurdyýew (matematika), şeýle hem Şatlyk şäherinden Döwlet Annamyradow (fizika) getirdi. Ýene 11 okuwçy bürünç medal bilen sylaglandy, olar diňe bir takyk ylymlarda däl, eýsem maglumat tehnologiýalary ulgamynda hem ýokary bilim derejesini görkezdi.
Bu üstünlikler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän 2026-njy ýylda ýaş watandaşlarymyzyň ilkinji uly ýeňşi boldy.
Halkara derejedäki bu üstünlik hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň we döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde mümkin boldy. Ýurdumyzda döredilen şertler ýaşlara tebigy zehinlerini ösdürmäge, beýleki ýurtlaryň deň-duşlary bilen üstünlikli bäsleşmäge hem-de milli bilim ulgamynyň halkara derejesindäki abraýyny pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.
ORIENT
