
Hytaý döwleti 2026-njy ýylda içerki sarp edijiligi höweslendirmek, daşary söwdany ösdürmek we açyk gapylar syýasatyny öňe sürmek boýunça tagallalaryny mundan beýläk-de artdyrar. Bu barada Hytaýyň Söwda ministri Wan Wentao Hytaý Metbugat Topary bilen ýakynda geçiren söhbetdeşliginde aýtdy.
Wan Wentaonyň bellemegine görä, 2025-nji ýylyň 11 aýynyň jemi boýunça sarp ediş harytlarynyň bölek söwdasy geçen ýyla görä 4 göterim artdy. Ýylyň jemi boýunça söwda dolanyşygynyň möçberi ilkinji gezek 50 trillion ýuandan (ýagny 7 trillion 170 milliard ABŞ dollaryndan) geçmegine garaşylýardy.
Şol döwürde hyzmatlaryň bölek söwdasy harytlaryň söwdasy bilen deňeşdirilende 1.3 göterim artdy. Bu bolsa işjeňligiň artmagyny we giň mümkinçilikleri görkezýändir.
Sarp edijiligiň möçberine seredeniňde, pudaklaryň we önümleriň aglabasy boýunça Hytaý dünýäniň iň uly bazaryna öwrüldi diýip, Wan Wentao belledi.
Hytaý 2026-njy ýylda ulag, öý hojalyk hyzmatlary, dabaralar we sport çäreleri ýaly ugurlara üns berip, hyzmatlar ulgamynda täze sarp edijilik mümkinçiliklerini döreder. Şeýle hem, önümleri paýlaýyş infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, sarp edijilik mümkinçiliklerini giňeltmek, kiçi şäherlerde we oba ýerlerinde sarp edijileriň mümkinçiliklerini artdyrmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, öňki sarp edijilik harytlaryny täzelemek boýunça syýasatlar hem kämilleşdiriler.
“Hytaýda daşky gurşawa zyýansyz we döwrebap önümleriň sarp edilişi höweslendiriler. Täze harydy satyn almak üçin döwlet tarapyndan berilýän goldawlar esasynda indi “akylly” sagatlar, bilezikler we äýnekler ýaly döwrebap önümleri satyn alyp bolar. Hytaýyň trade-in maksatnamalary boýunça “täze” düşünjesi diňe bir täze öndürilen harytlary aňlatmaýar. Muňa laýyklykda, “täze” düşünjesi, döwlet tarapyndan goldaw berilmegi arkaly täze önümleriň we tehnologiýalaryň bazarlaryny döretmekligi, täze pudaklary ösdürmegi hem aňladýandyr” diýip, Wan Wentao düşündirdi.
Wan Wentao 2025-nji ýylda Hytaýyň importynyň we eksportynyň möçberiniň 45 trillion ýuandan (ýagny 6 trillion 450 milliard ABŞ dollaryndan) geçendigini aýtdy. Ýagny, söwda boýunça Hytaý indi bassyr dokuz ýyl dünýäniň iň iri ýurdy bolup gelýändir.
“Hytaý 2026-njy ýylda harytlaryň we hyzmatlaryň söwdasyny sanly söwda bilen utgaşdyryp ösdürer, bazarlary dürli ugurlar boýunça ösdürmegi dowam etdirer hem-de hyzmatlaryň eksportyny giňelder” diýip, Wan Wentao belledi.
“Biz halkara söwdasynda gadagan edilen harytlaryň sanawy esasynda dolandyryş ulgamyny kämilleşdireris, hyzmatlaryň bazaryny ösdüreris we olaryň eksportyny tizleşdirmek üçin anyk çäreleri geçireris.
Emeli intellekt, sanly ykdysadyýet we biolukmançylyk ugurlaryndaky kuwwatymyza daýanmak bilen, ylmy-barlag, dizaýn, maslahat beriş, synag boýunça hem-de tehniki hyzmatlaryň eksportyny artdyrarys hem-de daşary söwda dolanyşygynyň artmagyna itergi berýän täze ösüş güýçlerini dörederis,” diýip Wan Wentao aýtdy.
“Biz goşmaça gymmaty bolan aragatnaşyk hyzmatlary, biotehnologiýa we daşary ýurtlara degişli bolan hassahanalar boýunça meýletin aç-açanlygy kämilleşdireris. “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çäginde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdüreris we ekologiýat taýdan arassa ösüş, sanly ykdysadyýet, daşky gurşawa zyýansyz minerallar, şeýle hem täze infrastruktura hem-de täze energiýa boýunça hyzmatdaşlygy öňe süreris.
Aziýa–Ýuwaş Umman Sebitindäki Ykdysady Hyzmatdaşlygyň çäginde işjeň orny eýeläris we Bütindünýä Söwda Guramasyny özgertmek işlerine doly gatnaşarys. Şonuň ýaly-da, biz hyzmatdaşlyga höwes bildirýän ýurtlar bilen söwda we maýa goýum ylalaşyklaryny özara bähbitli esasda baglaşmaga çalşarys” diýip, Wan Wentao sözüniň üstüni ýetirdi.