Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda Alynky Aziýa alajagaplaň enesi we çagasy hasaba alyndy

16.01.2026|21:50|
368
bathyz-dowlet-tebigy-goraghanasynda-alynky-aziya-alajagaplan-enesi-we-cagasy-hasaba-alyndy
Surat çeşmesi: teambarsturkmenistan

Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda fotogapanlaryň kömegi bilen Alynky Aziýa alajagaplaň enesi we çagasy hasaba alyndy. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, bu waka goraghanada belli bolan alajagaplaň eneleriniň sanyny üçe ýetirdi.

«Bu toparyň matriarhy takmynan 9 ýaşyndaky Umeda atly alajagaplaň enesi bolup, ol şu wagta çenli belli bolan ýedi sany çagany dünýä indirdi. Onuň gyzy Mehri 2023-nji ýylda doguldy we maşgalanyň möhüm agzalarynyň biri bolup durýar. Indi olaryň hataryna täze alajagaplaň enesi we onuň çagasy goşuldy. Ol Umedanyň uly gyzlarynyň biri bolup biler», — diýip, hünärmenler sosial torlardaky sahypalarynda ýazýarlar.

Bu ýagdaý Bathyz goraghanasynda Alynky Aziýa alajagaplaňlaryň populýasiýasyny gorap saklamak we artdyrmak babatda uly ähmiýete eýedir. Şeýle-de bu seýrek duş gelýän görnüşiň goraghananyň çäginde üstünlikli köpelýändigini we tebigy ýol bilen dikeldilýändigini tassyklaýar.

ORIENT