CES 2026 sergisinde NVIDIA emeli aň infrastrukturasyny düýpgöter özgertýän we bulut ulgamlary hem-de robototehnika üçin täze mümkinçilikleri açýan Rubin platformasyny hödürledi.
Dünýäniň öňdebaryjy AI-barlaghanalary — OpenAI, Anthropic, xAI, Google, Microsoft we başga-da onlarça kompaniýa — Rubin çipleriniň täze neslini ulanýandyklaryny eýýäm tassykladylar.
OpenAI-niň ýolbaşçysy Sem Altman bu platformanyň emeli aňdaky ösüşi giň möçberde ösdürmäge kömek etjekdigini belledi. Anthropic kompaniýasynyň baş direktory Dario Amodei Rubiniň netijeliliginiň ýokarlanmagy arkaly has uzyn ýady, kämilleşdirilen pikirleniş ukyby we ygtybarly netijeleri bolan AI ulgamlaryny döretmegiň mümkin boljakdygyny aýtdy. Ilon Mask bolsa, bu platformany «emeli aň üçin raketa hereketlendirijisi» diýip atlandyrdy.
Rubin platformasy Vera CPU, Rubin GPU, NVLink 6, ConnectX-9, BlueField-4 we Spectrum-6 ýaly alty sany täze çipi birleşdirýär. Olaryň umumy geçirijilik ukyby 260 TB/s bolup, bu görkeziji bütin halkara internet-trafiginden hem ýokarydyr. Bu häzirki zaman AI modelleriniň, bulut hyzmatlarynyň we robototehnika ulgamlarynyň işlemegi üçin zerur bolan ýokary kuwwaty we tizligi üpjün edýär.
Bulut tehnologiýalarynyň ägirtleri Rubin platformasyny ornaşdyrmaga eýýäm taýýarlyk görýärler. Microsoft täze nesil Fairwater maglumat merkezlerinde Vera Rubin NVL72 rack-ulgamlaryny gurnar, AWS, Google Cloud we Oracle bolsa platformanyň goldanylýandygyny tassykladylar. Bu AI we akylly ulgamlaryň giň möçberde ösdürilmegine täze mümkinçilikleri açýar hem-de robototehnika bilen bulut hyzmatlarynyň ösüşini çaltlaşdyrýar.
Rubin esasly önümler 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda peýda bolar. Bu platforma NVIDIA-nyň rack-scale arhitekturasynyň üçünji nesli bolup, emeli aň pudagyndaky tehnologik bäsdeşligi has-da güýçlendirýär we geljegiň robotlary, bulutlary hem-de intellektual tehnologiýalary üçin berk esas döredýär.
ORIENT
