2026-njy ýylyň 21-nji ýanwaryndan başlap, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamenti amerikan tarapynyň baha bermegine görä döwlet durmuş kömek pullaryna garaşly bolmak töwekgelçiligi ýokary hasaplanýan birnäçe ýurtlaryň raýatlaryna immigrasion wizalaryň berilmegini wagtlaýyn togtadýar. Bu barada 2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda çap edilen täzelenen maglumatlarda aýdylýar.
Bellenilişi ýaly, bu karar ABŞ-nyň immigrasion syýasatynyň täzeden gözden geçirilmeginiň çäklerinde kabul edildi. Prezident Donald Tramp ozal immigrantlaryň maliýe taýdan öz-özüni üpjün edip bilmelidigini we amerikan durmuş goldaw ulgamyna agram salmaly däldigini belläpdi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet departamenti immigrasiýa ulgamyndaky hereket edýän düzgünleriň, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we görkezmeleriň giňişleýin seljermesini geçirýär.
Täze çäreleriň çäklerinde aşakdaky ýurtlaryň raýatlaryna immigrasion wizalaryň berilmegi wagtlaýyn togtadylýar: Owganystan, Albaniýa, Alžir, Antigua we Barbuda, Ermenistan, Azerbaýjan, Bahama adalary, Bangladeş, Barbados, Belarus, Beliz, Butan, Bosniýa we Gersegowina, Braziliýa, Birma, Kamboja, Kamerun, Kabo-Werde, Kolumbiýa, Kot-d’Iwuar, Kuba, Kongo Demokratik Respublikasy, Dominika, Müsür, Eritreýa, Efiopiýa, Fiji, Gambiýa, Gruziýa, Gana, Grenada, Gwatemala, Gwineýa, Gaiti, Yrak, Eýran, Iordaniýa, Gazagystan, Kosowo, Kuweýt, Gyrgyz Respublikasy, Laos, Liwan, Liberiýa, Liwiýa, Moldowa, Mongoliýa, Marokko, Nepal, Nikaragua, Nigeriýa, Demirgazyk Makedoniýa, Pakistan, Kongo Respublikasy, Russiýa, Ruanda, Sent-Kits we Newis, Sent-Lýusiýa, Sent-Winsent we Grenadinler, Senegal, Sýerra-Leone, Somali, Günorta Sudan, Sudan Respublikasy, Siriýa, Tanzaniýa, Taýland, Togo, Tunis, Uganda, Urugwaý, Özbegistan we Ýemen.
Bellenilişi ýaly, bu çäklendirmeler diňe immigrasion wizalara degişlidir we hereket edýän düzgünler hem-de talaplar doly gözden geçirilýänçä güýjünde bolar.
ORIENT
