Hytaýyň gündogaryndaky Fuszian welaýatynyň kenarýaka deňiz suwlarynda dünýäde ilkinji 20 megawattlyk deňiz ýel turbinasyny gurnamak işleri üstünlikli tamamlandy. Bu barada taslamany işläp taýýarlaýjy – “China Three Gorges Corporation” kompaniýasy hepdäniň sişenbe güni habar berdi. Şeýlelikde, bu turbina, şeýle görnüşli deňiz ýel turbinasynyň Hytaýda ilkinji gezek gurnalan nusgasy boldy.
Deňiz ýel turbinasy ulgama birikdirileninden soň, onuň ýylda 80 million kilowat-sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürmegine garaşylýar. Elektrik energiýasynyň bu möçberi 44 müňe golaý hojalygyň bir ýyllyk elektrik energiýa zerurlygyny kanagatlandyrar. Bu şeýle hem 24 müň tonna kömür tygşytlamaga we 64 müň tonna çenli bölünip çykarylýan kömürturşy gazynyň möçberini azaltmaga mümkinçilik berer.
Deňiz ýel turbinasy kenardan 30 kilometr gowrak daşlykda, 40 metrden gowrak deňiz çuňlugynda ýerleşdirildi. Gurnama işleriniň dowamynda dürli kynçylykly ýagdaýlar ýüzi çykdy, ýagny musson möwsüminde iş wagty gysgaldy, deňizde iş şertleri çylşyrymly boldy we beýiklikde ýerine ýetirilýän işler bilen bagly bolan töwekgelçilikler döredi.
Bu päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin gurluşyk topary göterijilik kuwwaty 2 müň tonna bolan döwrebap ýel energetika gurnama gämisinden peýdalandy. Ýokary takyklyk bilen ýerleşdiriş usuly we direg sütünini dikmegiň döwrebap ulgamlary arkaly 147 metr uzynlykdaky üç sany ýel turbina ganatlary 174 metr beýiklige çenli galdyrylyp, esasy sütün bilen mäkäm birikdirildi. Netijede, gurnalan rotoryň diametri 300 metre ýetip, onuň ganatlarynyň pyrlanýan meýdany 10 sany futbol meýdançasyna barabardyr.
Bu deňiz ýel turbinasy milli derejedäki esasy ylmy-barlag we ösüş maksatnamasynyň çäginde amala aşyryldy we onuň esasy bölekleri Hytaýda işlenip düzüldi we öndürildi.