Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Türkmen kompaniýalary Stambulda geçiriljek LES-EXPO halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

15.01.2026|17:05|
543
turkmen-kompaniyalary-stambulda-geciriljek-les-expo-halkara-sergisine-gatnasmaga-cagyrylyar
Surat çeşmesi: kfa.com.tr

2026-njy ýylyň 7–9-njy aprelinde Stambul şäherinde ýük inženerligi hyzmatlaryna bagyşlanan LES-EXPO halkara sergisi geçiriler. Çäre Stambul sergiler merkeziniň meýdançasynda guralar we ýük hem-de logistika inženerligi ugruna doly gönükdirilen dünýäniň ilkinji ýöriteleşdirilen sergisi bolar.

Sergini gurnaýjy hökmünde KFA Fuarcılık A.Ş. kompaniýasy çykyş edýär. LES-EXPO agyr we ölçegsiz ýükleri daşamak, göteriji we kran tehnologiýalary, taslama logistikasy, ýük daşamakda inženerçilik çözgütleri, şeýle-de port amallary ýaly möhüm ugurlarda işleýän kompaniýalary bir ýere jemlär.

Serginiň strategik hyzmatdaşlyklary ýola goýmak, öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin netijeli meýdança bolmagyna garaşylýar. LES-EXPO sergisine gatnaşmak kompaniýalara öz çözgütlerini hödürlemäge, täze bazarlary öwrenmäge we logistika hem-de inženerçilik pudagynyň ählumumy ösüşine goşant goşmaga mümkinçilik berer.

Sergi barada goşmaça maglumatlar resmi web sahypasynda elýeterlidir: les-expo.com.

ORIENT