Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Eýranyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

15.01.2026|14:10|
619
turkmen-milli-dunya-dilleri-institutynda-eyranyn-ilcisi-bilen-dususyk-gecirildi
Surat çeşmesi: Eyranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezi

12-nji ýanwarda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky medeni hem-de ylym-bilim hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek babatynda pikir alşyldy. Şeýle-de ýokary okuw jaýynyň pars dili hünärinde okaýan talyplaryň we mugallymlaryň bilim derejelerini has-da ýokarlandyrmak babatynda hünär kämilleşdiriş sapaklarynyň geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ali Mojtaba Ruzbehani Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty talyplar bilen duşuşyk

Şeýle-de duşuşygyň çäklerinde Eyranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezi tarapyndan birnäçe kitaplar ýagny, Saadynyň türkmen diline terjime edilen goşgylary, Mollanepesiň, Andalybyň pars diline terjime edilen goşgulary, başga-da birnäçe şahyrlaryň şygyrlary, pars dilini okatmagyň usulyýetine degişli kitaplar sowgat edildi we pars dili hünärinde okaýan talyplar bilen duşuşyk guraldy.

ORIENT