Hytaýyň älem syýahatçylygyna niýetlenen äleme uçuş gämisi duşenbe güni orbita synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Älem gämisiniň kapsulasy paraşut arkaly Sziusuan Uçuş merkezine üstünlikli gaýdyp geldi.
Bu synag uçuşy atmosferadan yzyna gaýdanda tizligi peseltmek ulgamynyň netijeliligini görkezdi, yzyna gaýtarylýan ýük modulyny barlagdan geçirdi we älem gämisiniň takyk gonmagyny dolandyryş tehnologiýasynyň talabalaýyk işleýändigini tassyklady. Hytaýyň Ylymlar Akademiýasyna degişli täjirçilik maksatly äleme uçuryş kompaniýasy bu üstünlikleriň geljekde älem syýahatçylygyny ösdürmekde möhüm ädimdigini belledi.
Lihong-1 Y1 atly älem gämisi 120 kilometre golaý beýiklige çenli uçup bilýär. Şeýle hem ol az harajatly uçuşy, çalt uýgunlaşmak ukyby we synag ýüklerini gaýtaryp getirmek aýratynlyklary bilen tapawutlanýandyr.
“Lihong-1 Y1 älem gämisiniň maksady uzak wagtlap asman giňişliginde bolmak bolup durmaýar. Onuň uçuşy çalt eltip gowşurmak hyzmatyna meňzeşdir, ýagny synag enjamlaryny grawitasiýanyň pes bolan ýerlerine iberip, synag tamamlanandan soňra olary Ýere gaýtaryp getirmekdir. Ýük moduly synag üçin wajyp nusgalyklary we ilkinji çeşmeden alnan maglumatlary getirdi. Bu bolsa geljekde älemde az harajat talap edýän we agyrlyk güýjüniň pes derejeli şertlerinde synaglary geçirmeklige ukyply bolan täze usuly döredýär” diýip, älem gämisiniň baş dizaýneri Çžou Ýu düşündirdi.
Lihong-1 taslamasynyň baş dizaýneri we ýolbaşçysy Şi Siaonin, älem gämisindäki ýükleriň arasynda, agyrlyk güýjüniň pes derejeli şertlerinde işleýän lazer önümçilik enjamlarynyň hem-de Hytaý bägüliniň tohumlarynyň bardygyny belledi.
Bägüliň tohumlary älemde 300 sekuntlap saklanyp, gen mutasiýalaryna getirip bilýän älemdäki şöhlelere sezewar boldular. Nusgalyklar Ýere gaýtarylyp getirilenden soňra alymlar olary ösdürip, täze we ýokary hilli bägülleriň görnüşlerini hem-de älemiň bägülleriniň görnüşlerini döretmegi meýilleşdirýärler.
Şi Siaoniniň bellemegine görä, alymlar geljekde yzyna gaýdyp gelýän ýük modulyny orbitada işlemäge ukyply görnüşe çenli kämilleşdirmegi meýilleşdirýärler. Bu täze älem gämisi azyndan bir ýyl orbitada saklanyp, pesinden 10 gezek gaýtadan ulanylyp bilner.
“Geljekde biz ýük modulyny has uly ölçeglere ýetireris. Mundan başga-da dolandyryş, gonuş tizligini peseltmek we gaýtadan ulanmak ýaly ulgamlar goşular. Bu bolsa adamly uçuşlara, uzak möhletli orbitada galmaga hem-de orbitadan gaýdyp gelmäge mümkinçilik döreder” diýip, Şi Siaonin sözüniň üstüni ýetirdi.