Hytaý bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda, Hytaýda öndürilen ýolagçy elektrik ulaglaryny Ýewropa bazaryna eksport etmek boýunça baha borçnamalary babatynda gazanylan ylalaşyk senagat hem-de üpjünçilik zynjyrlaryny durnuklaşdyrmaga ýardam berer. Bu barada pudagyň ýagdaýyndan habarly bilermen habar berdi.
Hytaýyň Söwda ministrliginiň bellemegine görä, bu ädim Bütindünýä Söwda Guramasynyň kadalaryna laýyklykda, degişli meseleleri has amatly we maksada laýyk görnüşde çözmäge gönükdirilendir. Hytaý bilen Ýewropa Bileleşiginiň sammitinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, hem-de Hytaýda öndürilen elektrik ulaglarynyň satuwyna degişlilikde, Ýewropa Bileleşiginde hökümetleriň goldaw bermegi bilen ýerli öndürijileriň artykmaçlyk gazanmaklygyna garşy derňewini ýerlikli çözmek maksady bilen birnäçe tapgyr geňeşmeler geçirildi.
Hepdäniň duşenbe güni Ýewropa Komissiýasy baha borçnamalary boýunça teklipleriň tabşyrylmagyna degişli görkezmeleri çap etdi. Bu görkezmeler import edilýän harydyň iň pes bahasy, satuw bazarlary, özara tölegleriň hasaplanmagy hem-de geljekde Ýewropa Bileleşiginde maýa goýumlaryny goýmak ugurlaryny öz içine alýandyr. Ýewropa Komissiýasynyň bellemegine görä, ähli tekliplere deň hukuklylyk ýörelgesine laýyklykda, Bütindünýä Söwda Guramasynyň kadalarynyň çäginde adalatly we ýüzgörmesiz baha berler.
Şol gün Hytaýyň Maşyngurluşyk we Elektronika Önümleriniň Import-eksport Söwda Palatasy hem bu ýetilen oňyn netijäni goldaýandygyny mälim etdi. Palatanyň hukuk bölüminiň direktory Çen Hueýsin, hökümetleriň kompaniýalara goldaw bermegi bilen olaryň artykmaçlyk gazanmaklygyna garşy gümrük tölegleri sebäpli ýitiriljek girdejileri saklap galmaga baha borçnamalarynyň mümkinçilik berýändigini aýtdy.
Onuň bellemegine görä, bu mehanizm üpjünçilik zynjyrlarynyň üznüksizligini pugtalandyrmaga, Hytaý bilen Ýewropa Bileleşiginiň özara söwdasynyň hem-de ählumumy söwda ulgamynyň durnukly ösüşini goldamaga hyzmat eder.