Hepdäniň sişenbe güni, Hytaýyň gündogaryndaky Sziansu welaýatynyň Taisan şäherinde, Ýanszy derýasynyň astyndan geçiriljek Çunmin – Taisan tuneliniň gurluşygynda, Hytaýda öndürilen, dünýäde iň uly diametrli “Çimin” atly dik buraw enjamy resmi taýdan işe girizildi.
Bu buraw enjamynyň gazuw diametri 24 metre, esasy böleginiň beýikligi 13 metre golaý, iň çuň gazuw mümkinçiligi bolsa 75 metre barabardyr. Ýanszy derýasynyň günorta kenaryndan 200 metr aradaşlykda ýerleşýän meýdançada bu enjam arkaly 50 metrden gowrak çuňluga çenli, dikligine gazuw işleri alnyp barlar we tuneliň 2-nji şahtasy gurlar.
Hünärmenleriň bellemegine görä, bu şahta Hytaýda öndürilen, uly diametrli ýokary tizlikli demirýol tuneliniň gurluşygynda ulanylýan “Linhan” buraw enjamy üçin tehniki hyzmat stansiýasy bolup hyzmat eder. Häzirki wagta çenli “Linhan” buraw enjamy, suw astyndan geçirilýän demirýol tuneliniň ugry boýunça 10 müň metrden gowrak gazuw işlerini ýerine ýetirdi. Şeýle-de bolsa, bu sebitiň çylşyrymly geologiýa gurluşy sebäpli gurluşyk döwründe howply ýagdaýlaryň döremegi ähtimaldyr.
Şunuň bilen baglylykda, “Çimin” buraw enjamy öz-özi uýgunlaşýan we öz-özüni gurnama taýdan sazlaýan birnäçe innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem bu enjam çuň we suwly gatlaklarda gurluşyk işleriniň ussatlyk bilen alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär.
Umumy uzynlygy 14 kilometr 250 metre barabar bolan, Ýanszy derýasynyň astyndan geçiriljek Çunmin – Taisan tuneliniň 13 kilometr 200 metri buraw usuly arkaly gurlar. Taslama tamamlanandan soň, ýokary tizlikli otlular derýanyň aşagyndan tizligini peseltmezden geçip biler.
Şanhaýyň Çunmin etrabyny Sziansu welaýatynyň Taisan şäheri bilen baglanyşdyrjak bu tuneliň 2026-njy ýylyň ahyryna çenli ulanyşa berilmegine garaşylýar. Bu tunnel Ýanszy derýasynyň boýundaky Şanhaý, Nanszin we Hefei ýaly iri şäherleriň arasyndaky ýol wagtyny ep-esli gysgaldar.