Ýakynda Las Wegasda tamamlanan 2026 Sarp edijileriň elektronikasynyň sergisi gatnaşyjylary emeli intellektiň sarp edijileriň gündelik durmuşyny nähili özgerdýändigini açyp görkezýän täze önümleri görkezdiler we köpçüligiň ünsüni özüne çekmegi başardylar.
Tehnologiýa bilen baglanyşykly, dünýäniň iň uly we meşhur 2026 Sarp edijileriň elektronikasynyň sergisi, 6-njy–9-njy ýanwar aralygynda geçirildi we bu çärä 155-den gowrak ýurtlardan 4500 sany sergide öz önümleri bilen tanyşdyrýan kärhanalar gatnaşdy.
Bu serginiň dowamynda Hytaýyň robot tozan sorujysyny öndüriji Narwal Robotics kompaniýasy özüniň Flow 2 atly önümini sergä çykardy. Iki kameraly enjam dürli öý hojalyk goşlaryny anyklap, netijeli işlemek we bökdençligiň öňüni almak üçin öz işleýiş tertibini sazlap bilýär.
“Eger robotlar golaýda öý haýwanynyň bardygyny biläýse, onda olar howa sorujylyk güýjüni artdyrarlar. Eger robotlar çaganyň uklap ýatandygyny bilseler, onda olar awtomatiki usulda sessiz işleýiş tertibine geçerler” diýip, Narwal Robotics kompaniýasynyň ýolbaşçysy Aýsi Bin düşündirdi.
Bu sergide iň garaşylmadyk önümleriň biri hem “Seattle Ultrasonics” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan, öý hojalygynda ulanylýan “C-200” ilkinji ultrases pyçagydyr. Sekuntda 30 000 gezek sarsýan ultrasesi arkaly pyçagy ýitilemek bilen, aşpezler adatça sarp edilýän güýjüň ýarysy bilen azyk önümlerini dograp bilýärler.
“Bu enjamyň hereketlendirijisi ýok. Ol batareýa bilen işleýär. Aslynda keramiki kristallar pyçagy herekete getirýär. Şonuň üçin olar şol wolt güýjüni berende, ol gönümel pyçagyň metal bölegine geçirilýär” diýip, “Seattle Ultrasonics” kompaniýasynyň ýörite taslamalar boýunça müdiri Keýtlin Sanders belledi.
Beýlekia täze önümleriň hatarynda bir towlaňda ykjam tokgalanyp, ses çykarýan kolonka öwrülýän enjam, “Acemate” tennis roboty, “emeli intellekt ornaşdyrylan akylly” düşek hem-de Hytaýyň “Hengbot Innovation” robotlary öndürýän kompaniýasy tarapyndan döredilen, emeli intellektli “Sirius” atly it şekilli roboty bardyr.
“Emeli intellekt “Sirius” atly itiň öz eýelerine has gowy düşünmegine ýardam berýär. Bu bolsa uzak möhletli gatnaşyklary gurmak işine meňzeşdir” diýip, “Hengbot” kompaniýasynyň amallar boýunça direktory Erik Lin belledi.
Bu sergide başga-da ünsi çeken enjamlaryň biri hem “Pawport” kompaniýasynyň öndüren, öý haýwanlarynyň ýaşaýan ketekleriniň “akylly” gapysydyr. Bu gapy ýörite bellik dakylan öý haýwany ýakynlaşanda awtomat usulda açylýar.
“Dakylýan bellik diňe kod bilen işleýär, şonuň üçin hem gapy doly howpsuzlygy üpjün edýär” diýip, “Pawport” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we ýerine ýetiriji direktory Martin Daýmond düşündirdi.
“Ketegiň gapysynyň açylmagy üçin siz belli bir aralygy saýlap, şoňa görä sazlaýarsyňyz. Eldekileşdirilen öý haýwanyňyz öz ketegine ýakynlaşanda, onuň gapysy diňe şol haýwan üçin açylar” diýip, Martin Daýmond sözüniň üstüni ýetirdi.
Ilkinji sapar 1967-nji ýylda geçirilen Sarp edijileriň elektronikasynyň sergisi, gündelik durmuşda ulanylýan elektronika pudagynyň meşhur sergisidir. Bu sergide tehnologiýa kompaniýalarynyň emeli intellekt, robot önümçiligi, öňdebaryjy tehnologiýaly öý ulgamlary we awtomatlaşdyrylan ulaglar ýaly ugurlarda innowasion önümler köpçülige tanyşdyrylýar.