Britan-awstraliýa dag-magdan konserni Rio Tinto hem-de Şweýsariýanyň dag-magdan kompaniýasy Glencore dünýäde iň uly dag-magdan kompaniýasyny döretmäge mümkinçilik berjek birleşme boýunça nobatdaky deslapky maslahatlaşmalary geçirýändiklerini resmi taýdan tassykladylar.
«Glencore köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde peýda bolan soňky maglumatlary hasaba alýar we Rio Tinto bilen olaryň işewürlikleriniň bir bölegini ýa-da doly birleşdirmegi göz öňünde tutýan mümkin bolan birleşme boýunça deslapky gepleşikleri alyp barýandygyny tassyklaýar. Bu birleşme Rio Tinto bilen Glencore arasynda paýnamalaryň alyş-çalşygy görnüşinde amala aşyrylyp bilner. Islendik birleşme geleşigi Rio Tinto tarapyndan Glencore-iň satyn alynmagy arkaly amala aşyrylar diýlip çaklanylýar», — diýlip Glencore-iň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Kanunçylyga laýyklykda, Rio Tinto kompaniýasynyň 2026-njy ýylyň 5-nji fewraly, London wagty bilen sagat 17:00-a çenli Glencore-i satyn almak barada anyk niýetini yglan etmek ýa-da şeýle teklibi bermekçi däldigini resmi taýdan mälim etmek üçin wagty bar.
Bloomberg agentliginiň maglumatlaryna görä, geleşigiň bahasy 207 milliard ABŞ dollaryna çenli ýetip biler.
Iki kompaniýanyň arasynda birleşme boýunça gepleşikler ilkinji gezek geçirilýän däldir. 2025-nji ýylyň başynda Bloomberg we Reuters çeşmelere salgylanyp, Rio Tinto bilen Glencore-iň «ýaňy-ýakynda» birleşme boýunça gysga möhletli gepleşikleri geçirendigini, emma olaryň hiç hili ylalaşyk bolmazdan tamamlanandygyny habar berdiler. Şol wagtky ara alyp maslahatlaşmalar başlangyç tapgyrlardan aňry geçmedi.
2014-nji ýylda geçirilen gepleşikler has aç-açan we uzak möhletli boldy, ýöne şol ýylyň oktýabr aýynda Rio Tinto taraplaryň ylalaşyga gelip bilmändigini yglan etdi.
CompaniesMarketCap maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ýanwar aýyna Rio Tinto-nyň bazar maýalaşdyrmasy takmynan 140 milliard ABŞ dollaryna, Glencore-iň bolsa 60 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.
ORIENT
