Milli çeperçilik muzeýinde «Belarus wazasy» atly taslama tanyşdyryldy. Sergi ýurduň ýarym asyrdan gowrak çeperçilik stilini kemala getiren meşhur Minsk farfor zawodynyň taryhyna bagyşlanýar diýip, BELTA habar berýär.
Sergi zawodyň 1951-nji ýylda döredilen pursatyndan başlap, onuň ýapylan döwrüne çenli bolan ýoluny doly öz içine alýar. Ol gündelik hojalyk gap-gaçlarynyň ýokary sungat derejesindäki eserlerine öwrülendigini, şeýle-de olaryň dünýä derejesinde ykrar edilendigini yzarlamak üçin seýrek mümkinçilik berýär. Üýtgeşik «minsk» stiliniň kemala gelmegi Nikolaý Miholapyň ady bilen berk baglanyşyklydyr — ol ussalara tanalýan görnüşleri, reňk öwüşginlerini we plastikasyny tapmaga ýardam edipdir.
Muzeý zallarynda görnükli awtorlaryň iň gowy eserleri ýygnanyldy: Leonid Bogdanowyň, Walentin Kirilenkonyň, Waleriy Leontowiçiň we beýlekileriň işleri. Her bir önüm kämil ussatlygy görkezýär, bu ýerde suduryň egremlerinden başlap, bezegleriň iň inçe öwüşginlerine çenli ähli jikme-jiklikler möhüm orun tutýar.
Serginiň aýratyn ähmiýeti zawodyň 2009-njy ýylda öz işini bes edendigindedir. Şondan bäri kärhananyň awtorlyk farfor önümleri hakyky seýrek gymmatlyklara öwrüldi we kolleksionerleriň gyzyklanmasyny döredýär. Häzirki wagtda bu eserler diňe bir muzeý eksponatlary bolman, eýsem belarus dizaýnynyň janly taryhy bilen ýakyndan tanyşmak mümkinçilik berýän ýitirilen önümçiligiň şaýatlarydyr.
ORIENT
