Özbegistan Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän Tuýamuýun gidro merkeziniň sygymyny 1 milliard kub metr möçberde artdyrmagy meýilleşdirýär. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi ilatyň we oba hojalygynyň suw üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem süýji suwuň strategik ätiýaçlygyny döretmäge gönükdirilendir.
Gidro merkeziň sygymynyň giňeldilmegi Özbegistan Respublikasynyň hökümeti tarapyndan tassyklanan «Özbegistan-2030» döwlet ösüş strategiýasynyň çäklerinde göz öňünde tutulýar. Bu resminama, esasan-da oba hojalyk pudagynda suw serişdelerini dolandyrmak ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, suwaryş infrastrukturasyny täzeden gurmaga we döwlet-hususy hyzmatdaşlyk gurallaryny ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Hünärmenleriň bahalandyrmagyna görä, Tuýamuýun suw howdanynyň möçberiniň artdyrylmagy takmynan 1,2 million gektar oba hojalyk ýerleriniň has durnukly suw bilen üpjün edilmegine mümkinçilik döreder, şeýle hem agyz suwunyň goşmaça ätiýaçlygyny emele getirer.
Strategiýada paýlaýjy kanallaryň tapgyrlaýyn täzeden gurulmagy hem göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda ýurduň suwaryş ulgamynyň ep-esli bölegi ýer kanallary görnüşinde bolup, bu suwuň uly möçberde ýitirilmegine getirýär. 2030-njy ýyla çenli 13 müň kilometrden gowrak kanaly beton örtüge geçirmek meýilleşdirilýär.
Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak meselelerine hem aýratyn üns berilýär. Häkimiýet edaralary ýörite melioratiw desgalaryň gurluşygy we döwrebaplaşdyrylmagy arkaly şorlaşan ýerleriň meýdanyny azaltmagy we meseleli ýerlerde ýerasty suwlaryň derejesini peseltmegi maksat edinýärler.
Mundan başga-da, «Özbegistan-2030» maksatnamasy suw hojalyk infrastrukturasynyň dolandyrylyşyna hususy pudagyň gatnaşygyny giňeltmegi göz öňünde tutýar. Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda 2 müňden gowrak desganyň dolandyrylyşy işewürlere berler diýlip garaşylýar.
Tuýamuýun gidro merkezi Amyderýa derýasynda ýerleşýän iri döwletara suw hojalyk toplumydyr. Ol Ruslowoýe, Kapakas, Sultansanjar we Ittifak atly dört suw howdanyndan ybarat bolup, kanallar we şlýuzlar ulgamy arkaly birleşdirilendir. Bu bolsa suw serişdelerini çeýe we netijeli düzgünleşdirmäge mümkinçilik berýär.
