Şu gün «Aşgabat» köpugurly stadionynda futbolyň meşhurlygyny ýokarlandyrmak hem-de ýaş nesli sporta çekmek maksady bilen, 2014 – 2015-nji ýyllarda doglan çagalaryň gatnaşmagynda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu festiwala 150-ä golaý ýaş futbolçy gatnaşdy.
Festiwalyň dowamynda ýaş türgenler guramaçylar tarapyndan ýörite gurnalan türgenleşik çärelerine hem-de dürli ugurly bäsleşiklere uly höwes bilen işjeň gatnaşdylar. Şeýle-de, kiçi meýdançalarda ýoldaşlyk duşuşyklary hem geçirildi.

Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan futbol toplary sowgat hökmünde gowşuryldy.
ORIENT
