Özbegistan syýahatçylyk ulgamynda täze taryhy rekordy goýdy. Statistika baradaky agentligiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň 11 aýynyň dowamynda ýurda 10,7 million daşary ýurt raýaty gelip gördi. Bu bolsa syýahatçylyk akymynyň ilkinji gezek şeýle ýokary derejä ýetendigini görkezýär. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende ösüş 47,4 göterim boldy.
Syýahatçylaryň esasy bölegi däp bolşy ýaly Merkezi Aziýanyň goňşy ýurtlaryndan gelýär. Gelenleriň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar Gyrgyzystan (3 million adam), şeýle hem Gazagystan we Täjigistan bolup, bu ýurtlaryň hersinden 2,5 million raýat geldi.
Ilkinji bäşligi Russiýa (923,8 müň) we Owganystan (429,4 müň) jemleýär. Şeýle hem sebite iň uly gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň onlugyna Hytaý, Türkiýe, Hindistan, Günorta Koreýa bilen birlikde Türkmenistan hem girdi (341,4 müň adam).
Bir ýylyň dowamynda syýahatçylaryň sanynyň 3,5 million adam köpelmegi döwlet tarapyndan amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeliligini görkezýär. Wiza düzgünleriniň ýönekeýleşdirilmegi, infrastruktura ösüşi we milli brendiň daşary ýurtlarda işjeň mahabatlandyrylmagy öz oňyn netijesini berýär.
Syýahatçylyk pudagy ýurduň ykdysadyýetiniň hakyky ösüş hereketlendirijisine öwrülýär. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, ýylyň ahyryna çenli bu görkeziji has-da artar we Özbegistan sebitiň esasy syýahatçylyk merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrar.
ORIENT
