Özbegistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri Germaniýanyň iň iri şäherleriniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna giň gerimde tanyşdyryldy. Berlin, Mýunhen, Düsseldorf we Ştutgart şäherleriniň merkezi köçelerinde respublikanyň gözel ýerleri we myhmansöýerligi barada gürrüň berýän täsirli wideo şekiller görkezildi diýip, habar berýär Yuz.uz.
Taslama Özbegistanyň Syýahatçylyk baradaky komiteti tarapyndan Özbegistanyň Germaniýadaky ilçihanasy bilen bilelikde guraldy. Kampaniýa Täze ýyl baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda we dynç alyşlary meýilleşdirmek döwründe iň giň diňleýji köpçüligini gurşap almak maksady bilen dykgat bilen taýýarlanyldy.
Berlin şäherinde wideo şekiller dokuz sany ägirt uly LED ekranlarda görkezildi we günde 720-e çenli görkezilişi üpjün etdi. Düsseldorf şäherinde on ekran ulanyldy, Ştutgartda we Mýunhende bolsa wideolar şäheriň esasy meýdançalarynda ýokary intensiwlikde görkezildi.
Ýurt saýlawy tötänleýin däl: Germaniýa Özbegistan üçin Ýewropadaky ileri tutulýan syýahatçylyk bazarlarynyň biridir. Her ýyl Germaniýanyň syýahatçylyk operatorlary bu ugra has uly gyzyklanma bildirýärler we taryhy mirasyň özboluşlylygyny hem-de hyzmatlaryň hilini aýratyn belleýärler.
Bilermenleriň bellemegine görä, şeýle wizual mahabat diňe ýerli ilaty däl, eýsem beýleki ýurtlardan gelen köp sanly syýahatçylary hem özüne çekýär. Kampaniýanyň 2025–2026-njy ýyllaryň möwsüminde Özbegistana gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň sanyny ep-esli artdyrmagyna garaşylýar.
ORIENT
