Türkmenistanda 2026–2027-nji okuw ýyly üçin FLEX (Future Leaders Exchange) maksatnamasyna gatnaşmak boýunça arzalaryň kabul edişligi başlandy. Medeni alyş-çalyş maksatnamasy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Bilim we medeniýet maksatnamalary boýunça býurosy tarapyndan amala aşyrylýar we American Councils for International Education guramasy tarapyndan dolandyrylýar.
FLEX maksatnamasy Türkmenistanly ýokary synp okuwçylaryna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bir okuw ýylyny geçirmek, amerikan mekdebinde okamak hem-de kabul ediji maşgalada ýaşamak mümkinçiligini berýär.
Maksatnama gatnaşmak doly derejede maliýeleşdirilýär.
Arza tabşyryp biljekler: 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2010-njy ýylyň 31-nji maýyna çenli doglan, Türkmenistanyň raýatlary bolan okuwçylardyr. Maksatnama gatnaşmaga okuwda gowy ýa-da örän gowy görkezijileri bolan, iňlis dilinden başlangyç bilimlere eýe we ABŞ-nyň wiza talaplaryna laýyk gelýän okuwçylar kabul edilýär. Harby gullugy geçmegi zerur bolan uçurymlara maksatnama gatnaşmaga rugsat berilmeýär.
Saýlama tapgyrynyň çäginde 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýurduň birnäçe sebitlerinde test synaglary geçiriler.
FLEX 2026–2027 test synaglarynyň tertibi:
• 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwary — Mary şäheri, 19-njy mekdep
• 2026-njy ýylyň 6-njy ýanwary — Daşoguz şäheri, 4-nji mekdep
• 2026-njy ýylyň 8-nji ýanwary — Türkmenabat şäheri, 2-nji mekdep
• 2026-njy ýylyň 10-njy ýanwary — Balkanabat we Türkmenbaşy şäherleri, 3-nji mekdep (Balkanabat)
• 2026-njy ýylyň 11-nji ýanwary — Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty, 20-nji mekdep.
Test synaglarynyň başlanýan wagty ähli nokatlarda — sagat 9:00.
Goşmaça maglumat almak isleýänler American Councils guramasynyň Aşgabatdaky edarasyna ýüz tutup bilerler:
Telefon: (+993 12) 36-90-16
Elektron poçta: flex.tm@americancouncils.org
Resmi web sahypa: americancouncilstm.org/flex
