Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin oba hojalygyny we oba ýerlerini giň gerimde ösdürmegiň, şeýle hem şäherler bilen oba ýerlerini ösdürmekligi utgaşykly alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Ol oba hojalygyny we oba ýerlerini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy.
Si Szinpin oba hojalygy, oba ýerleri we daýhanlar bilen bagly işler boýunça beren tabşyryklaryny Pekinde geçirilen ýyllyk merkezi oba hojalyk işi boýunça maslahatda beýan etdi. Bu maslahat ýurtduň oba ýerlerini ösdürmegiň ýagdaýlaryny öwrenip we meselelerini seljerip, 2026-njy ýyl üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitledi. Bu hem, Hytaýyň 2026-njy – 2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji bäşýyllyk maksatnamasynyň ilkinji ýyly bilen gabat gelýär.
Si Szinpin täze maksatnama döwründe oba hojalygy we oba ýerleri boýunça işleriň aýratyn möhüm boljakdygyny belledi. Ol däne önümçiliginiň durnukly üpjün edilmegini, oba hojalygyny goldaýan, oba ýerleriniň ösüşine ýardam berýän, daýhanlaryň girdejisini artdyrýan hem-de esasy oba hojalyk harytlarynyň nyrhlarynyň elýeterli derejede saklanylmagyna gönükdirilen syýasatlaryň netijeliliginiň artdyrylmagyny tabşyrdy.
Si Szinpin ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda gazanylan üstünlikleri mundan beýläk hem dowam etdirmegiň, oba ilatynyň hal-ýagdaýynyň pese düşmeginiň öňüni almagyň zerurdygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, sebitleriň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, ýaşamak we işlemek üçin amatly, abadançylykly hem-de sazlaşykly oba ýerleri döredilmelidir.
Si Szinpin Hytaýyň oba hojalygyny döwrebaplaşdyrylan iri pudaga öwürmäge çalyşmalydygyny we oba ýerlerinde ýaşaýyş üçin wajyp döwrebap şertleriň döredilmelidigini aýtdy. Munuň netijesinde daýhanlar has abadan durmuşda ýaşarlar.
Maslahatda Hytaýyň oba hojalygynyň mümkinçiliklerini artdyrmagyň zerurdygy bellenildi. Däne önümçiligini 50 million tonna ýetirmek, ekin görnüşleriniň köpeldilmegi hem-de ekin meýdanlarynyň umumy meýdanynyň bellenen çäkden azalmazlygyny berk üpjün etmek - esasy ileri tutulýan ugurlardyr.
Mundan başga-da, maslahatda ilatyň ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin uzak möhletli çemeleşmeleriň ulanylmagyna, etrap derejesinde ýerli ilatyň girdejilerini artdyrýan pudaklaryň ösdürilmegine, oba ýerlerinde ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagyna hem-de obalary özgertmegiň has-da çuňlaşdyrylmagyna çagyryldy. Esasy özgertmeler babatyndaky çäreleriň hatarynda ikinji tapgyr ýer şertnamalarynyň möhleti tamamlanandan soňra, welaýat derejesindäki synag maksatnamalary arkaly oba ýer şertnamalarynyň indiki 30 ýyl möhlet bilen uzaldylmagy görkezildi.