Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň 2025-nji ýylda alyp baran diplomatik syýasaty goňşy ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmaga we halkara jemgyýetçiliginde umumy adamzat bähbitlerini goramak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm goşant goşdy.
Si Szinpin 23-nji aprelde Howanyň üýtgemegi we Adalatly özgeriş boýunça dünýä liderleriniň maslahatynda wideoaragatnaşyk arkaly çykyşynda ählumumy özgertmeleriň batly depginde alnyp barylmagy bilen, adamzadyň täze bir taryhy sepgide ýetendigini belledi.
Üstümizdäki ýylda Bütindünýä faşizma garşy söweşde gazanylan ýeňşiň we Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk ýubileýi bellenildi.
Si Szinpin 1-nji sentýabrda Hytaýyň Tianszin şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna başlyklyk etmek bilen, “Bu ýyl bize geçmişi ýatladyp, bilelikde has ýagty geljegi gurmaga itergi berýän möhüm senedir” diýip, “Ählumumy dolandyryşy kämilleşdirmek üçin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň kuwwatyny birleşdimek” atly çykyşynda belledi.
“Dünýäde durnuksyzlyk ýagdaýy we özgerişlikler döwri dowam edýär. Taryh bize kyn döwürlerde bilelikde parahatçylykly ýaşamak ýörelgelerine ygrarly bolmagyň, özara bähbitli hyzmatdaşlyga ynamy pugtalandyrmagyň, taryhyň talaplaryna laýyklykda öňe gitmegiň we döwür bilen bilelikde ösmegiň zerurdygyny öwredýär” diýip, Si Szinpin belledi.
“Gadymy Hytaý pelsepeçisi ýörelgeleriň ähmiýeti barada şeýle belleýär: “Beýik ýörelgä eýer, şonda bütindünýä hem seniň yzyňa eýerer” diýip, Si Szinpin nygtady. Şeýle hem, ol “Hytaý döwleti ähli ýurtlar bilen bilelikde beýik ýörelgä eýermäge we umumadamzat bähbitlerini goramaga taýýardyr” diýdi.
“Taryhy halk döredýär we has gowy durmuşa ymtylmak bolsa ähli milletleriň umumy arzuwydyr. Biz elmydama halk bilen bolmalydyrys, işlerimizi halk üçin alyp barmalydyrys,” diýip, Si Szinpin 3-nji sentýabrda Hytaý halkynyň Ýaponiýa we Bütindünýä faşizma garşy söweşlerde gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan resmi kabul edişlikde belledi.
Si Szinpin Hytaýy döwrebaplaşdyrmak parahatçylykly ösüş ýoluna eýerýändigini we Hytaýyň hemişe dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň tarapdary bolup galjakdygyny belläp geçdi.
“Hytaý bilen hyzmatdaşlyk etmek täze mümkinçiliklerden peýdalanmakdyr. Hytaýa ynanmak ertire umyt bildirmekdir. Hytaýa maýa goýmak bolsa geljege maýa goýmakdyr,” diýip, Si Szinpin 28-nji martda Pekinde halkara işewürler toparynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda aýdyp geçdi.
“Taryhda geçmişiň mirasy jemlenýändir we geljege bolan ynamy höweslendirilýär,” diýip, Si Szinpin 3-nji sentýabrda Pekindäki Tiananmen meýdançasynda geçirilen Ýapon basybalyjylaryna we Bütindünýä faşizme garşy söweşlerinde gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly ýygnagyndaky çykyşynda aýtdy.
“Hytaý halky taryhyň dogry tarapynda we adamzat siwilizasiýasynyň ösüş ugrunda berk durýandyr. Hytaý milletiniň täzeden galkynyşy saklanyp bilinmez! Adamzadyň parahatçylyk we ösüş ugrunda alyp barýan asylly işi üstün çykar!” diýip, Si Szinpin belledi.