Turkish Airlines awiakompaniýasy Aşgabat – Stambul hem-de Stambul – Aşgabat ugurlarynda Business Upgrade hyzmatynyň işe girizilendigini habar berdi. Aksiýa 2025-nji ýylyň 25-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 8-nji ýanwaryna çenli dowam eder.
Bu teklibiň çäklerinde ekonom-klass bileti bolan ýolagçylar, business-klass kabinasynda boş orunlar bar bolan ýagdaýynda, hyzmat derejesini business-klassa çenli ýokarlandyryp bilerler. Upgrade hyzmatyny howa menzilinde, şeýle hem Turkish Airlines awiakompaniýasynyň resmi internet sahypasynda ýa-da mobil goşundysynda uçuşa 24 sagat galýança resmileşdirmek mümkindir.
Hyzmat derejesini ýokarlandyrmagyň bahasy 315 ABŞ dollary düzýär. Business-klass hyzmatlary bilen birlikde ýolagçylara goşmaça ýüki alyp gitmek mümkinçilikleri hem berilýär.
Business Upgrade hyzmaty ýokary isleg döwründe halkara ugurlarynda ýolagçylara goşmaça rahatlygy üpjün edýär.
Goşmaça maglumatlary Turkish Airlines awiakompaniýasynyň resmi www.turkishairlines.com internet sahypasynda hem-de sosial ulgamlardaky resmi sahypalarynda tapyp bilersiňiz.
Turkish Airlines awiakompaniýasynyň biletlerini Aşgabat şäherindäki satuw edarasyndan satyn almak bolar. Salgysy: G. Kuliýew köçesi, 39-njy jaý, Ussat binasy.
Elektron poçta salgysy: askabatbiletsatis@thy.com
