Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

22.12.2025|22:00|
455
asgabatda-yurdumyzyn-dasky-gursawy-goramak-baradaky-gosantlaryna-jemgyyetciligin-gatnasmagy-ara-alnyp-maslahatlasyldy
Surat çeşmesi: Guramaçylar tarapyndan berlen

22-nji dekabrda paýtagtymyzda «Inklýuziw geljek: Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşantlarynyň (MDKG 3.0) taýýarlanylmagyna jemgyýetçiligiň we aýallaryň gatnaşmagynyň meýilnamasyny işläp düzmek» atly klimat dialogy geçirildi. Çäre «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde guraldy.

MDKG 3.0 — bu ýurduň gaýtadan seredilen Milli derejede kesgitlenen goşandy bolup, ol Pariž ylalaşygynyň çäklerinde howanyň üýtgemegi baradaky milli hereket meýilnamasydyr.

Инклюзивное будущее Разработка плана участия общественности и женщин в ОНУВ 3.0 Туркменистана

Maslahatyň dowamynda klimat boýunça seljerijiler, BMGÖM-niň taslama hünärmenleri, ekspertler we Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) Ýaş ilçileri howanyň üýtgemeginiň durmuş we gender meselelerine edýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijesi boýunça aýallary we ýaşlary MDKG 3.0-y durmuşa geçirmek hem-de monitoring işlerine ulgamlaýyn çekmek baradaky Ýol kartasynyň esaslary taýýarlanyldy.

«Bu dialog howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda inklyuziw gurallary döretmekde BMGÖM bilen hyzmatdaşlygymyzy has-da berkidmäge mümkinçilik berdi. Biz aýallaryň baý tejribesiniň we ýaşlaryň täzeçil garaýyşlarynyň milli meýilnamalaryň aýrylmaz bölegine öwrülmegine çalyşýarys. MDKG 3.0 durnukly geljege ýetmek üçin tutuş jemgyýetiň bähbitlerini özünde jemlemelidir» — diýip, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň direktory Leýli Şyhmadowa garaýyşlaryny paýlaşdy.

Климатический диалог «Юный натуралист» совместно с ПРООН Программа развития ООН

«Ynamly Kepil» koworking merkezinde geçirilen bu çärä dürli pudaklaryň hünärmenleriniň, şol sanda «Ýaş tebigatçy» guramasynyň işjeň agzalarynyň 30-a golaýy gatnaşdy.

ORIENT