Aşgabat, 22-nji dekabr | ORIENT. Hazar meselesi hemişe Aşgabat bilen Tähranyň arasynda alnyp barylýan gepleşiklerde möhüm orun eýeleýär. Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Kazem Garibabadi bilen Türkmenistanyň Hazar meseleleri boýunça ýörite wekili Myrat Atajanow duşuşyk geçirip, öňdäki ýyl üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler. Bu barada IRNA habar berýär.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň tomsunda Tähranda geçirilmegi meýilleşdirilýän VII Hazar sammitine taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar howpsuzlyk we ulag ulgamynda döwlet baştutanlarynyň duşuşygyny anyk ylalaşyklar bilen üpjün etmek maksady bilen hereketleri utgaşdyrmaga başladylar.
Gepleşikleriň dowamynda iň duýgur meseleleriň biri hökmünde Hazar deňzindäki suwuň derejesiniň dowamly peselmegi aýratyn üns merkezinde boldy. Diplomatlar ýagdaýy gözegçilikde saklamak hem-de täze şertlere laýyklykda port infrastrukturasyny uýgunlaşdyrmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak üçin ýörite iş toparyny döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.
