2026-njy ýyldan başlap, Hytaýda bakalawr maksatnamalaryna okuwa girýän daşary ýurtly raýatlar üçin bitewi milli giriş synagy girizilýär. Bu barada Hytaýyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrligine salgylanyp habar berdi.
Täze synag China Scholastic Competency Assessment (CSCA) diýlip atlandyrylýar we daşary ýurtly dalaşgärleriň akademiki taýýarlyk derejesini bahalandyrmagyň hökmany ölçegine öwrüler. Ilkinji tapgyrda, 2026-njy ýyldan başlap, CSCA-nyň netijeleri Hytaýyň öňdebaryjy 282 uniwersitetine kabul edilende hasaba alnar. 2028-nji ýyldan başlap bolsa, daşary ýurtly talyplar üçin bakalawr maksatnamalaryny amala aşyrýan ähli Hytaý uniwersitetlerinde bu synag hökmany bolar.
Synagyň gurluşy
CSCA dalaşgärleriň hytaý dilini bilmek derejesini hem-de esasy akademiki taýýarlygyny bahalandyrmaga gönükdirilendir. Synag hökmany we ugurlaýyn derslerden ybaratdyr.
Ähli dalaşgärler üçin hökmany bolan synag — akademiki we adalgaşynaslyk taýýarlyga gönükdirilen hünär hytaý dili boýunça synagdyr.
Soňra dalaşgärler ugur saýlaýarlar:
• tebigy ylmy ýa-da inženerçilik ugry;
• ynsanperwer ugry.
Saýlanan ugra baglylykda synag aşakdaky dersleri hem öz içine alýar:
• matematika (hökmany ders),
• fizika ýa-da himiýa — saýlap alynýar.
Geçiriliş formaty we möhletleri
2026-njy ýyldan başlap, CSCA synagy ýylda bäş gezek — ýanwar, mart, aprel, iýun we dekabr aýlarynda geçiriler. Synag onlaýn görnüşde hem-de 20 ýurtda açylmagy meýilleşdirilýän oflaýn synag merkezlerinde geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Synagyň ähmiýeti
CSCA Hytaýda bilim almagy meýilleşdirýän daşary ýurtly talyplar üçin niýetlenen standartlaşdyrylan synagdyr. Onuň netijeleri uniwersitetler tarapyndan kabul etmegiň iň pes ölçegi hökmünde ulanylar, şeýle hem talyp haklaryny we grantlary paýlamakda hem hasaba alnyp bilner.
Synagyň formaty we talaplary barada goşmaça maglumatlar CSCA-nyň resmi web sahypasynda elýeterlidir: https://csca.cn/home
ORIENT
