Düýn agşam Aşgabatda möwsümde ilkinji gezek az-owlak gar ýagdy. Gaty görnüşdäki ýagynlar takmynan sagat 19:00–20:00 aralygynda howanyň +2° temperaturasynda bolup geçdi. Ondan öň gündizine hem az-kem ýagyş ýagdy. Bir günüň dowamynda jemi 0,7 mm ýagyn düşdi.
1–14-nji dekabr aralygynda şäherde jemi 3,7 mm ýagyn hasaba alnyp, bu dekabr aýynyň ortaça kadasynyň 21,8 göterimine deň boldy.
Öňümizdäki hepde Türkmenistanyň paýtagtynda ýagynlaryň has köpelmegine garaşylýar. Deslapky maglumatlara görä, diňe çarşenbe gününden anna gününe çenli 10–25 mm aralygynda ýagyn düşmegi mümkin. Penşenbe–anna günleri ýagynlaryň gar görnüşinde ýagmagy we dürli derejede garyň örtüginiň emele gelmegi ähtimal. Temperaturanyň 0° töwereginde boljakdygyny göz öňünde tutup, garyň örtüginiň emele gelip-gelmezligi 1–2 gradusa bagly bolup, muny birnäçe gün öňünden anyk aýtmak entek irdir.
Dekabr aýynda düşen ýagynlar şu ýylyň Aşgabatda gözegçilik döwrüniň iň gurak ýyly bolmak ähtimallygyny aradan aýyrýandygyny bellemek gerek. Şeýle-de bolsa, bu aý hem iň gurak aýlaryň hatarynda (ähtimal, ikinji ýa-da üçünji orunda) bolar.
ORIENT
