Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergide Aragatnaşyk ministrligi Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ýurdumyzda alnyp barlan sanly ösüşleri we tehnologik çözgütleri birleşdirýän iri toplumlaýyn stendi görkezdi. Uly ekranlarda pudagyň döwrebaplaşdyrylyşy, täze hyzmatlaryň ornaşdyrylyşy we milli sanly infrastrukturanyň giňeldilmegi barada maglumatlar görkezilýär.
Ekspozisiýanyň merkezi bölegi «Türkmenpoçta» poçta–aragatnaşyk gullugynyň mümkinçiliklerine aýryldy. Kärhana sanlylaşdyrmagyň hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga we ilata döwrebap mümkinçilikleri hödürlemäge nähili ýardam edýändigini görkezýär. Myhmanlar «EMS», «Salgydan-salga», eltip bermek hyzmaty, ugratmalary yzarlamak ulgamy, «Şahsy otagy», onlaýn-abuna ýazylyş hyzmaty, «shop.post.tm» söwda platformasy we ýurduň ähli welaýatlarynyň ýaşaýjylary üçin elýeterli başga-da köp sanly ulgamlary bilen tanşyp bilerler.
«Çapar Pay» ykjam goşundysynyň görkezilişi uly gyzyklanma döredýär. Onuň üsti bilen jemagat tölegleri we jerimeleri tölemäge, demirýol we awia biletlerini satyn almaga, media hyzmatlaryny birikdirmäge, eltip berijini çagyrmaga hem-de ibermeleri ugratmaga mümkinçilik döredilýär. Ekranlarda goşundynyň gündelik durmuşdaky mümkinçilikleri hem-de artykmaçlyklary hakyky wagt tertibinde görkezilýär.
Stendiň aýratyn bölümi halkara ulgamlary bolan «IPS.post» we «CDS.post» tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna bagyşlandy. Bu ulgamlaryň üsti bilen logistika awtomatlaşdyrylýar, halkara ugratmalar çaltlaşýar, maglumatlaryň takyk işlenilişi üpjün edilýär. Gözkezilýän maglumatlarda bu çözgütleriň milli poçta ulgamynyň işine nähili utgaşdyrylandygy görkezilýär.
Mundan başga-da müňlerçe harydy hödürleýän «shop.post.tm» elektron söwda meýdançasy görkezilýär. Ekspozisiýa onuň içerki elektron söwdanyň ösmegine goşýan goşandyny, şeýle hem öndürijilere we alyjylara açýan mümkinçiliklerini görkezýär.
Stendiň möhüm bölegi Aragatnaşyk ministrliginiň 2019–2025-nji ýyllar üçin kabul edilen ösüş Konsepsiýasyndan başlap, 2026–2028-nji ýyllar boýunça täze maksatnama çenli sanly ykdysadyýet ugrunda alyp barýan strategiki işini açyp görkezýär. Bu ýerde sanly döwlet, bulut tehnologiýalary, maliýe tehnologiýalary, emeli aň we kiberthowpsuzlyk babatyndaky taslamalar ýerleşdirilýär.
Şeýle hem emeli aň ulgamyndaky başlangyçlar görkezilýär: adaptiw bilim hyzmatlary, lukmançylyk ulgamlary, hasyllylygy seljerme ulgamlary, etiki kadalar boýunça taslamalar, ýaşlar hakatonlary hem-de «Türkmentelekom»-yň ýanyndaky Emeli Aň Ösüş Merkezini döretmek boýunça meýilnamalar.
Aragatnaşyk ministrliginiň birleşdirilen stendi serginiň tehnologik taýdan iň baý meýdançasyna öwrüldi we sanly innowasiýalaryň ýurdumyzyň ykdysady ösüşini hem-de hemişelik Bitaraplyk şertlerinde raýatlaryň durmuş hilini ýokarlandyrýandygyny aýdyň görkezdi.
ORIENT
