Düýn, 11-nji dekabrda Türkiye Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sapar bilen Türkmenistana geldi.
Belent mertebeli myhmanyň bu sapary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara derejeli dabaralara gatnaşmak maksady bilen amala aşyrýarlar.
Türk döwletiniň Baştutanyny Aşgabadyň halkara howa menzilinde resmi adamlar garşy aldylar. Bu sapar Türkiye bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwletara dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, şeýle hem syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Prezident Ärdogan bilen birlikde Türkmenistana onuň maşgalasy – Emine Ärdogan, daşary işler ministri Hakan Fidan, energiýa we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, Prezident Administrasiýasynyň Aragatnaşyk müdirliginiň ýolbaşçysy Burhanetdin Duran, Milli Howpsuzlyk Gullugynyň (MİT) başlygy Ibragim Kalyn, Prezidentiň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça baş geňeşçisi Akif Çagataý Kylyç hem-de Türki Döwletleriniň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym geldiler.
ORIENT
