||
Şu gün, 12-nji dekabrda, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin iki günlük sapary bilen Türkmenistana geldi. “Rossiýa” ýörite uçuş toparyna degişli uçaryň Aşgabadyň howa menziline gonandygy barada TASS habar berýär.
Putini milli türkmen nagyşly haly düşeginiň ugrunda hatara düzülen dabaraly geýnen Hormat garawuly garşylady.
12-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň giň gerimli maksatnamasy meýilleşdirilýär. BMG tarapyndan bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän forumyň çärelerine gatnaşmagyndan başga-da, Wladimir Putiniň ikitaraplaýyn duşuşyklary hem meýilleşdirilen.
ORIENT
