Aşgabatda iň ýaş nesilde ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm okuw maslahaty geçirildi. 4-nji dekabrda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda mekdebe çenli bilim edaralarynyň mugallymlary, Bilim ministrliginiň hünärmenleri hem-de alymlar howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça täze maksatnamany özleşdirdiler.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) hyzmatdaşlygynyň çäginde geçirilen çäre golaýda neşir edilen okuw-usuly gollanmasynyň netijeli ornaşdyrylmagyna bagyşlandy.
Söhbet «Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça mekdebe çenli edaralar üçin okuw maksatnamasy we usulyýet maslahatlary» atly gollanma barada gidýär. Bu gollanmanyň taýýarlanylmagy we giňden neşir edilmegi Türkmenistanda ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmekde hem-de daşky gurşawy goramakda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň aýdyň beýany bolup durýar.

Işjeň maslahatyň dowamynda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň mugallymlary gollanmanyň awtorlaryndan giňişleýin usulyýet maslahatlaryny aldylar. Gatnaşyjylar bilelikde aşakdaky meseleler boýunça işlediler:
• Howanyň üýtgemeginiň öňüni almak. • Oňa bagly töwekgelçiliklere taýýarlygy ýokarlandyrmak. • Çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä innowasion okuw çemeleşmelerini işläp taýýarlamak.
Bu usulyýet gollanmasy mugallymlar üçin howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri boýunça gerekli bilimleriň esaslaryny çagalara öwretmekde peýdaly gollanma bolup, ýaşlykdan ekologiýa jogapkärçiliginiň binýadyny goýmaga ýardam eder.
ORIENT
