9-njy dekabrda Awazada türkmen-azerbaýjan ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen duşuşyk boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa bilen gepleşikleri geçirdi.
Duşuşygyň netijesinde iki gaznanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Taraplar çagalaryň saglygyny goraýyş ulgamynda dialogy işjeňleşdirmegiň, tejribe alyşmagyň we iki halkyň asylly däp-dessurlaryna laýyklykda haýyr-sahawat işini ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Oguljahan Atabaýewa medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýändigini nygtady. Leýla Aliýewa hem öz gezeginde zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuna bagyşlanan halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Awazadaky şahamçasynyň açylmagynyň ähmiýetine ýokary baha berdi.
Taraplar ýola goýlan netijeli dialogyň çagalaryň bähbidine mundan beýläk-de işjeň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
ORIENT
