9-njy dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Jana şypaly howasy bolan Hazar deňziniň dynç alyş zolagynda täze merkeziň döredilmegi, döwletiň toplumlaýyn dikeldiş işine we ýaş nesliň saglygyna strategiki üns berýändigini görkezýär.
Awazadaky şahamça aýratyn ähmiýete eýedir. Ol çylşyrymly operasiýalary başdan geçiren çagalar üçin utgaşdyryjy we dikeldiş merkezi wezipesini ýerine ýetirip, uzak möhletleýin bejeriş, lukmançylyk maslahatlaryny we sagaldyş maksatnamalaryny hödürlär.
Gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa dabarada çykyş edip, çagalar hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri biridigini we onuň Türkmenistanyň çäklerinden has uzaklara ýaýraýandygyny nygtady.

“Diňe Türkmenistanda däl, eýsem, dünýäde ýaşaýan ähli çagalar hakyndaky aladanyň türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň üns merkezinde durýar” – diýip, gaznanyň wise-prezidenti belledi.
Gazna döredilen gününden bäri onuň hasabyna ýüzlerçe çylşyrymly lukmançylyk operasiýalary geçirildi we saglygy goraýyş edaralary üçin döwrebap enjamlar satyn alyndy.
Oguljahan Atabaýewa gaznanyň halkara ynsanperwer işini işjeň giňeldýändigini, Türkiýedäki, Russiýadaky, Owganystandaky we Täjigistandaky tebigy betbagtçylyklardan ejir çeken ýüzlerçe çagalara kömek berlendigini belledi.

Dabara gatnaşan daşary ýurt wekiliýetleriniň (“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahata gatnaşyjylar) gatnaşmagynda geçirilen dabaraly çäräniň ahyrynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary we ýurduň baý medeni mirasyny görkezýän milli aşhananyň tagamlarynyň sergisi boldy.
ORIENT
