Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maliýe durnuklylygynyň we raýatlaryň abadançylygynyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany şu ýylyň on bir aýynyň makroykdysady görkezijileri baradaky hasabaty diňläp, wise-premýer Hojamyrat Geldimyradowa aşakdaky görkezmeleri berdi:
Türkmenistanyň Prezidenti eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Bu ädim ilatyň Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşy almaga gönükdirilendir we döwletiň durmuş ugurly borçnamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.
ORIENT
