3-nji dekabrda Seulda her ýylda geçirilýän Koreýa-Merkezi Aziýa ykdysady geňeşiniň 6-njy mejlisi duşuşygy geçirildi. Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasy (KITA) tarapyndan Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň Söwda edaralary we Halkara alyş-çalyş boýunça koreý gaznasy bilen bilelikde guralan bu çäre hyzmatdaşlygyň täze strategik ugurlaryny kesgitlemek üçin meýdança bolup hyzmat etdi.
2020-nji ýylda hususy ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin döredilen Geňeş däp boýunça daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky “Koreýa-Merkezi Aziýa” hyzmatdaşlyk forumy bilen bilelikde geçirilýär.
Bu gezekki duşuşygyň esasy temasy “Emeli aň we sanly özgerişler döwründe Koreýa-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygyny öwrenmek” boldy.
Onlaýn we oflaýn formatda garyşyk görnüşinde geçirilen duşuşyga KITA Halkara hyzmatdaşlyk merkeziniň merkezi edarasynyň direktory Kim Ki-Hýon, Koreý gaznasynyň Baş sekretary Li Çon Guk ýaly ýokary derejeli resmi adamlar, şeýle hem söwda edaralarynyň wekilleri, emeli aňa degişli ministrlikleriň wezipeli adamlary we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan işewürler gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar emeli aň tehnologiýalarynyň ösüş tendensiýalaryny we saglygy goraýyş, infrastruktura we logistika ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Sessiýanyň dowamynda Koreýanyň iň gowy tejribelerini ulanýan anyk işewürlik modelleri hödürlendi. “East Telecom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Park Se Çzu intellektual torlary we emeli aň tehnologiýalaryny ulanmaga esaslanýan hyzmatdaşlyk modelini hödürledi. “CNU Global” kompaniýasynyň Baş direktory Lim Su Bin “Ulag we logistika hem-de intellektual infrastrukturany sanlylaşdyrmak arkaly durnukly hyzmatdaşlyk meýilnamasyny” hödürledi.
Energetika pudagyna aýratyn üns berildi. Lim Su Bin Koreýanyň ösen energiýa ölçeýji infrastrukturasynyň (AMI) Merkezi Aziýada energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga uly goşant goşup biljekdigini nygtady. Bu ykdysady ösüş we ilat sanynyň artmagy sebäpli elektrik energiýasyna bolan islegiň çalt artýan sebiti üçin örän möhümdir.
Duşuşygyň netijelerini jemläp, KITA Halkara hyzmatdaşlyk merkeziniň başlygy Kim Ki Hýon forumyň Koreýa we Merkezi Aziýa üçin ýönekeý tehnologiýalaryň işlenip düzülmeginden has öňe gidýän emeli aň we sanly innowasiýalar babatda hyzmatdaşlygyň amaly ugurlaryny açmaga mümkinçilik berjekdigine umyt bildirdi.
ORIENT
