Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy häzirki wagtda açyk bolan HHR Hökümetiniň Talyp hakly maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar.
Bu talyp hakly maksatnama öňdebaryjy Hytaý uniwersitetlerinde magistratura girmek isleýän ähli ýurtlaryň raýatlary üçin niýetlenendir. Dalaşgärleriň sany çäklendirilmedik.
Okuw maksatnamasy «Bir ýyl Hytaý uniwersitetinde + bir ýyl dalaşgäriň öz ýurdunda» görnüşi boýunça amala aşyrylýar, bu bolsa işleýänler üçin örän amatlydyr. Okuwlar iňlis dilinde geçirilýär.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:
Dalaşgär Hytaý Halk Respublikasyndan başga bir ýurduň raýaty bolmaly we saglyk ýagdaýy gowy bolmaly, 45 ýaşdan kiçi bolmaly.
Dalaşgär bakalawr ýa-da ondan ýokary derejä eýe bolmaly we azyndan üç ýyl iş tejribesi bolmaly. Teklip edilýän maksatnama laýyk gelýän hünär taýýarlygy ýa-da iş tejribesi bolan dalaşgäre artykmaçlyk berler.
Dalaşgär aşakdaky dört bölümiň birine laýyk gelmelidir:
Bölüm başlygy (ýa-da oňa deň derejedäki) ýa-da ondan ýokary derejeli döwlet gullukçysy;
Edaranyň ýa-da kärhananyň uly dolandyryjysy (menežeri);
Uniwersitetiň ýa-da ylmy-barlag institutynyň administratory;
Halkara guramalarda degişli iş tejribesi ýa-da hünär synanyşygy (stažirowkasy) bolan şahslar.
Maksatnama barada giňişleýin maglumatlary degişli salgy boýunça alyp bilersiňiz:
https://www.campuschina.org/content/details3_790440.html
ORIENT
