Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Azerbaýjanyň Syýahatçylyk baradaky Döwlet agentliginiň habar bermegine görä, 2025-nji ýylyň ýanwar–oktýabr aýlarynda ýurda 26 887 türkmenistanly syýahatçy baryp gördi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda gelip-gidýänleriň sany boýunça Türkmenistan diňe Gazagystandan we Özbegistandan yza galyp, üçünji orny eýeleýär.
Sebit tarapyndan Azerbayjana gyzyklanma ösmegini dowam etdirýär. 2025-nji ýylyň ilkinji on aýynda Merkezi Aziýadan jemi 183 208 syýahatçy Azerbayjana baryp gördi. Ösüş depgini aşakdaky ýaly:
• Gazagystan — 87 804 syýahatçy
• Özbegistan — 50 971
• Türkmenistan — 26 887
• Gyrgyzystan — 9 422
• Täjigistan — 8 124
ORIENT
