Aşgabat şäherinde Toyota awtoulaglarynyň döwrebap satyn alyş hem-de hyzmat ediş merkeziniň gurluşygy başlandy. Taslama halkara ülňülerine we brendiniň korporatiw standartlaryna laýyklykda amala aşyrylyp, onuň buýuryjysy Beýik Ýüpek Ýoly kompaniýasy bolup durýar. Taslama ýapon maýa goýumlary çekilýär we Toyota Central Asia kompaniýasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Toyota Central Asia kompaniýasy hem-de Beýik Ýüpek Ýoly hususy kärhanasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa döredip berýän mümkinçilikleri we ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmäge berilýän ähli taraplaýyn goldawy üçin çuňňur minnetdarlyk bildirýärler.

Öňdengörüjilikli döwlet syýasaty hem-de işewürlige döredilýän giň mümkinçilikler kompaniýa halkara talaplaryna laýyk gelýän giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge şert döredýär. Kompaniýa bildirilýän ynama ýokary baha berýär we bu ynamy ýokary hilli iş, jogapkärli çemeleşme arkaly doly ödemäge çalyşýar.
Gelejekki toplum G. Kulyýew köçesiniň ugrunda 2,79 gektar meýdanda ýerleşer. Taslama 3S — Sales, Service, Spare parts — doly görnüşli diler merkezini döretmegi göz öňünde tutýar. Satyn almak, hyzmat etmek we ätiýaçlyk şaýlarynyň ammary bir bitewi funksional ulgama birleşdiriler. Iki gatdan ybarat bina häzirki zaman şourumy we doly hyzmatly serwis merkezini öz içine alar.
Toplumyň binagärlik we funksional çözgütleri Toyota-nyň halkara standartlaryna doly laýyklykda işlenilýär. Müşderi we hyzmat zolaklaryna aýratyn üns berilýär, şeýle hem awtoulaglaryň merkezde howpsuz hereket etmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu çözgüt Toyota Facility & Retail Standards talaplaryna doly gabat gelýär. Munuň özi hyzmat ediş işiň amatlylygyny, netijeliligini we açyklygyny üpjün edýär.

Şourumda müşderi tejribesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen New Retail Concept ýörelgesi ornaşdyrylar. Onuň esasy bölegi — Customer Hub, ýagny açyk giňişlik bolup, müşderiler bu ýerde maslahat alyp bilerler, awtoulag konfigurasiýalary bilen tanşyp bilerler, Toyota-nyň sanly hyzmatlaryny öwrenip bilerler hem-de şahsy hünärmen kömegini alyp bilerler. Merkeziň dizaýni we wizual görnüşi, şol sanda kompaniýanyň brend gurşawynyň elementleri, ekspozisiýa we kommunikasiýa zolaklary brendiň häzirki zaman korporatiw standartlaryna laýyk bolar.
Dolulygyna işleýän serwis merkezi ähli hyzmatlary ýerine ýetirer: tehniki barlag, diagnostika, hereketlendiriji, transmissiýa hem-de šassiniň bejeriş işleri, kuzow abatlaýyş we boýag, tigir hyzmatlary, elektron ulgamlaryň sazlamasy hem-de programma üpjünň täzelenmesi. Bir wagtyň özünde sekiz awtoulaga hyzmat bermek geçirijilik ukyplylygyny ýokarlandyrar hem-de müşderileriň garaşmak wagtyny azaldar. Toplumda kuzow sehiniň, autodetaling zolaklarynyň hem-de döwrebap awtoulag ýuwujy bölüminiň bolmagy göz öňünde tutulýar.
Bar bolan ähli hyzmat prosesleri Toyota-nyň ussat meýilleşdirmesi esasynda taýýarlýar — müşderi kabul edilişinden başlap ulag serişdeleriniň akymlarynyň optimizirlenipmegine we awtoulagyň hyzmatdan çykmagyna çenli. Müşderiler üçin ýörite gözegçilik zolaklary bolar — olardan käbir hyzmat amallaryny görüp biler, bu bolsa açyklygy we ynamy güýçlendirer.
Awtoulaglaryň mümkinçiliklerini görkezmek üçin ýörite test-drive zolaklary dörediler. Bu ýer howpsuz şertlerde awtoulagyň dinamikasyny, dolandyrylyşyny we rahatlygyny synagdan geçirmäge mümkinçilik berer. Test-drive zolagynyň ugry, howpsuzlyk elementleri we goldaw berilmegi brendiň talaplaryna laýyklykda gurnalýar: test-drive hünärmeniň gatnaşmagynda geçirilýär, awtomobiller degişli tertipde markalanýar, territoriýa bolsa howpsuzlyk talaplaryna we müşderi rahatlylygyna görä enjamlaşdyrylýar.

Merkezde Toyota-nyň häzirki zaman modelleri, şol sanda innowasion gibrid tehnologiýalary görkeziler. Merkez hem kepillikli, hem-de kepillikden soňky hyzmatlary ýerine ýetirip, ähli müşderiler üçin ýokary hilli hyzmat standartlaryny üpjün eder.
Taslamanyň gurluşygy Toyota Central Asia tarapyndan yzygiderli gözegçilikde saklanýar. Inženerçilik we wizual çözgütler brendiň korporatiw bölümleri bilen ylalaşylýar, gurluşyk boýunça hasabatlar yzygiderli ýagdaýda Toyota Central Asia kompaniýasynyň sebit bölümine ugradylýar.
Täze Toyota Merkeziniň gurluşygy Türkmenistanyň awtoulag infrastrukturasynyň ösüşine uly goşant goşar we dünýäniň öňdebaryjy brendleri bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge mümkinçilik döreder. Gurluşygyň 2027-nji ýylyň dekabrynda tamamlanmagyna garaşylýar.
Beýik Ýüpek Ýoly kompaniýasynyň maglumatlary:
AYYT 46, 2127 G. Kulyýew köçesi
(+99312)75-44-44
@gsr_net
@toyota_byy
@dhl_tm
ORIENT
