Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutany şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Soňky maglumatlara görä, “Ditwa” tropiki apy-tupana sebäp bolan weýran ediji suw joşgunlary we topraklaryň süýşmeleri 410-dan gowrak adamyň pida bolmagyna sebäp boldy, ýüzlerçe adam dereksiz ýitdi. Şri-Lankanyň häkimiýetleri bu betbagtçylygy ýurtda on ýylyň dowamynda bolan iň agyr betbagtçylyk diýip atlandyrdylar. Adada adatdan daşary ýagdaý yglan edildi we hökümet halkara kömegini sorap ýüz tutdy.
Ozal Prezident Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasyna we Indoneziýanyň Prezidentine gynanç bildiripdi. Bu üç ýurduň ählisi sebitde 1300-den gowrak adamyň pida bolmagyna sebäp bolan birnäçe güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlaryndan ejir çekdi.
ORIENT
