Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri sanly transformasiýanyň gurallaryny işjeň özleşdirýärler. Ýurdumyzdaky öňdebaryjy uniwersitetleriň mugallymlary ÝUNESKO-nyň (UNESCO-ICHEI) ýolbaşçylygyndaky Ýokary bilim ulgamynda halkara innowasiýalar merkeziniň guran onlaýn-webinaryna gatnaşdylar.
Çäräniň esasy temasy «Okatmakda we okuwda generatiw emeli aň mümkinçiliklerini açyp görkezmek» boldy. Hindistanly spiker Kauşal Kumar Bhagat türkmen mugallymlaryna emeli aň bilen işleşmegiň anyk mysallaryny we täzeçil çemeleşmelerini hödürledi.
Esasy üns amaly peýdalylyga berildi: sapaklary netijeli meýilleşdirmek, döredijilikli mazmun döretmek, şahsylaşdyrylan okuw usullaryny ornaşdyrmak we talyplaryň bilimlerini bahalandyrmak ulgamyny emeli aň arkaly döwrebaplaşdyrmak.
Webinar türkmen mugallymlarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Dialoglaryň we pikir alyşmalaryň dowamynda mugallymlara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň halkara tejribesi hem-de geljegi barada doly düşündiriş berildi. Aýratyn üns emeli aňyň diňe bir okuw prosesinde däl, eýsem ylym-bilim pudagynda we önümçilikde ulanylyşyna gönükdirildi. Bu bolsa ýurdumyzyň tehnologiýalary çuňňur integrirlemäge bolan ymtylyşyny tassyklaýar.
ORIENT
