25-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Italiýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Italiýanyň döwlet we ylmy edaralarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi.
Wekiliýet Rim şäheriniň medeni miras bölüminiň ýolbaşçysy Klaudio Parizi Presiççe, Bilim we medeni miras boýunça hemişelik toparynyň senatory Françesko Werduççi, şeýle hem Italiýanyň Uniwersitetler we gözlegler ministrliginiň ylym we innowasiýalar boýunça birinji orunbasary doktor Janluiji Konsoli bilen gepleşikler geçirdi.

Duşuşyklarda taraplar halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini, şeýle hem syýasy-diplomatik, ylmy-medeni we söwda-ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa amala aşyran saparynyň dowamynda iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklara aýratyn üns berdiler.

Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, ylmy alyş-çalyşy giňeltmäge, bilelikdäki medeni taslamalary amala aşyrmaga, şeýle hem bilim we innowasiýalar babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirdiler.
Türkmenistanyň wekiliýeti ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny nygtady.
ORIENT
