Aşgabat, 24-nji noýabr | ORIENT. Türkmenistanyň paýtagtynda Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynda täze sahypanyň başlangyjyny alamatlandyrýan möhüm waka boldy: Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň – “Abu Dhabi National Oil Company” (ADNOC) – “Arkaç” işewürlik merkezinde resmi taýdan öz ofisini açdy.
Ýokary özara ynanyşmak we baýramçylyk ýagdaýynda geçen ofisiň açylyşy BAE-niň Türkmenistanyň energetika mümkinçiliklerini ösdürmäge uzak möhletleýin ygrarlylygynyň nyşanyna öwrüldi. Bu dabaranyň dowamynda görkezilen wideo şekiller hem munuň şeýledigine şaýatlyk etdi.
Dabaraly çärä BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al Hameli, ADNOC-yň ýolbaşçylygynyň wekilleri, şol sanda ADNOC-yň Halkara aktiwlerini dolandyrmak boýunça direktory, ADNOC-yň Türkmenistandaky şahamçasynyň dolandyryjysy Bassem Tadros we “Türkmennebit” DK-niň başlygy Guwanç Agajanow bilen birlikde Türkmenistanyň resmi adamlary gatnaşdylar.
Dabara simwoliki toý bagyny kesmek bilen başlady, soňra iki ýurduň Döwlet senalary ýerine ýetirildi. Munuň özi bolsa çäräniň derejesini we ähmiýetini görkezdi. ADNOC-yň Halkara işewürligiň ösüşi boýunça menejeri Fares Al Baluşi dabaranyň alyp baryjysy bolup çykyş etdi we bu günüň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim bolandygyny belledi.

BAE-niň Ilçisi Ahmed Al Hameli çykyş edip, BAE-niň ýolbaşçylygynyň, şol sanda Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamlaryny ýetirdi. Ilçi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli işjeň ýagdaýda ösýändigini we diwersifikasiýalaşýandygyny nygtady.
“Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň göni görkezmesi bilen, ADNOC-yň şu gün Türkmenistanda bolmagy täze bir sahypa açýar – diýip, Al Hameli aýtdy. — Bu ofis diňe bir giňelýän hyzmatdaşlygymyzyň nyşany bolmak bilen çäklenmän, eýsem durnukly geljekki hyzmatdaşlyk üçin umumy garaýşymyzdyr”.
Al Hameli täsirli maglumatlary mysal getirdi: nebiti hasaba almazdan ikitaraplaýyn söwda dolanşygy 2024-nji ýylda 1,76 milliard ABŞ dollaryna ýetdi, munuň özi bolsa BAE-ni Türkmenistanyň üçünji orundaky uly söwda hyzmatdaşyna öwürdi.
Dabaranyň dowamynda “Türkmennebit” DK-niň başlygy Guwanç Agajanow hem çykyş edip, dünýäniň iň uly energetika kompaniýalarynyň biri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň özara peýdasyny nygtady we ADNOC-yň Türkmenistanda bolmagynyň netijesinde milli nebitgaz pudagynyň ösüşine we öňdebaryjy tehnologiýalaryň alyş-çalşyna güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi.
ADNOC-yň Halkara aktiwlerini dolandyrmak boýunça direktory we kompaniýanyň Türkmenistandaky şahamçasynyň dolandyryjysy Bassem Tadros ýüzlenmesi jemleýji çykyş boldy.
“BAE we Türkmenistan ynama, hormata we energetika howpsuzlygy hem-de durnukly ösüş barada umumy garaýyşa esaslanýan gatnaşyklary paýlaşýarlar. Şu günki ofisiň açylmagy biziň Türkmenistan üçin ygtybarly hyzmatdaş bolmaga bolan uzak möhletleýin ygrarlylygymyzyň nyşanydyr” – diýip, Bassem Tadros belledi.

Bassem Tadros dünýä derejesindäki baý tebigy gaz gorlary we strategik, geografik taýdan amatly ýerleşmegi sebäpli Türkmenistany “dünýäniň iň geljegi uly energetika merkezleriniň biri” diýip atlandyrdy. Ol şu ýylyň başynda ADNOC-yň 7 trillion kub futdan gowrak tebigy gaz saklaýan Hazar deňzinde deňizdäki I bloky özleşdirmek üçin strategik konsessiýa boýunça ylalaşygyna gol çekip, öz ornuny pugtalandyrandygyny belledi.
Bassem Tadros ofisi açmagyň maksatlaryny aýdyň beýan etdi: hyzmatdaşlara has ýakyn bolmak, I blokda işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem ýerli adam serişdelerini ösdürmek we uzak möhletleýin gatnaşygy pugtalandyrmak.
“Biz muňa diňe başlangyç hökmünde garaýarys — biz ýurduň energetika geljegi üçin ösüş, maýa goýumlary we goldaw üçin mundan beýläk-de mümkinçilikleri işjeň öwrenýäris. Biziň bu ýerde bolmagymyz, integrasiýalaşdyrylan, ählumumy möçberdäki gaz platformasyny döretmek boýunça işimiziň bir bölegi hökmünde ösýän ählumumy gaz portfelimiziň üstüni ýetirýär” – diýip, Bassem Tadros aýtdy.
“Türkmenistan biziň strategiýamyzda esasy orny eýeleýär – diňe bir maýa goýum hökmünde däl, eýsem iki ýurt üçin uzak möhletleýin strategik gymmatlyk bolan hyzmatdaşlyk hökmünde. Biz köp ýyllyk hyzmatdaşlyga, ösüşe we umumy üstünlige sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” – diýip, ol çykyşyny jemledi.

Dabaranyň resmi böleginden soň myhmanlar süýjülik tortynyz kesmek dabarasyna we baýramçylyk üçin toparlaýyn surata çagyryldy. Bu has güýçli we durnukly energetika geljegine umumy ygrarlylygyň alamatydy boldy. ADNOC-yň Aşgabatda ofisiniň açylmagy, şübhesiz, uzak möhletleýin üstünlige we energetika howpsuzlygyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine geçmegi alamatlandyrýar.

