Brýusselde geçirilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edilişigiň iň baýramçylykly we duýguly pursatlarynyň biri – “Miss Belgiýa” bäsleşiginiň ýeňijileriniň myhmanlaryň öňünde türkmen milli lybaslarynda çykyş etmegi boldy. Bu hormat we dostluk hereketi medeni dialogyň güýçli nyşanyna öwrüldi.
Ýeňijileriň adyndan çykyş eden gatnaşyjylaryň biri belent mertebeli myhmanlara ýüzlenip, olar üçin bu çäräniň diňe bir owadan kabul edilişik bolman, has çuň mana eýedigini belledi. «Biz gündelik durmuşda gürrüň edýän gymmatlyklarymyz – parahatçylyk, hormat, ynanyşmak, raýdaşlyk – ýönekeý hyýaly sözler däldir. Olar döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary hem, şeýle-de biziň adam hökmünde biri-birimize nähili gatnaýşýandygymyzy hem kesgitleýär».

Gatnaşyjy gyzyň bellemegine görä, hakyky gözellik adamyň içki dünýäsinde ýagşylyk, mertebe, köpdürlüligi hormatlamak, diňlemek we düşünişmek hyjuwy ýaly häsiýetleriň bolmagynda çuň mana eýe bolýar.
«Hakyky gözellik – adamlaryň ýa-da medeniýetleriň arasyndaky bäsleşik däl; ol her bir adamyň gymmatlylygyny kabul etmek we aramyzdaky köprüleri gurmakdyr. Şonuň üçin hem şu gün türkmen milli lybaslarynda çykyş etmegimiz biziñ üçin örän möhümdir. Bu – Türkmenistanyň baý medeniýetine bolan hormatymyzyň hem-de halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň nyşanydyr».

Diplomatiýa degişli meselelerde bolsa ýeňiji gyz olaryň nesliniň Türkmenistanyň parahatçylyga ygrarlylygyndan ruhlanýandygyny, garşydaşlygyň ýerine dialog saýlamagyň güýjüň alamatydygyny belledi. Bäsleşige gatnaşyjylar öz meşhurlyklaryny we jemgyýetçilik platformalaryny birek-birege düşünişmek we ýagşylyk gymmatlyklaryny wagyz etmek üçin ulanýandyklaryny beýan etdiler.

«Biz ýaşlaryň adamyň özbaşdak, maksatlaryna we ynamyna wepaly bolup, emma şol bir wagtda hormat, deňlik we hoşniýetlilik ýörelgelerini berk saklap bilýändigini görmeklerini isleýäris. Sesimizi ýagşy niýetiň bähbidine peýdalanmak – dakynyp biljek iň gymmat täjimizdigini görkezmek isleýäris».

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan we medeniýetlerinden gelen adamlaryň gurşawynda ýeňiji gyzlar olaryň nesliniň geljekde tapawutlyklaryň gorky däl-de, biri-birinden öwrenmäge mümkinçilik berýän güýje öwrülýän, parahatçylyk we ynanyşmak bolsa her bir adamyň gündelik saýlawyna öwrülýän dünýäni gurup biljekdigine umyt bildirdiler.

ORIENT
