Aşgabatda Bütindünýä Çaga Güni inklýuziýa üns berlip bellenildi

Şu gün, 22-nji noýabrda, Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda Bütindünýä Çaga Gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Çäre «Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljek ugrunda hemmetaraplaýyn goldaw» diýen şygar astynda geçdi.
Baýramyň esasy maksady — maýyplygy bolan çagalaryň alýan toplumlaýyn goldawyny aýdyň görkezmekden ybarat boldy. Guramaçylar diňe bilimiň, saglygy goraýşyň, durmuş taýdan goraglylygyň, dikeldişiň we sportuň ösüşiniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy bilen her bir çaga özüniň kabul edilendigini duýup bilýän jemgyýetiň döredilýändigini bellediler.

Myhmanlar üçin tematiki meýdançalar gurnaldy. Bu ýerde bilermenler maýyplygy bolan çagalara ýetirilýän pudagara kömegiň nähili işleýändigi barada giňişleýin maglumat berdiler hem-de gatnaşyjylaryň soraglaryna jogap berdiler.
Ünsi özüne çeken aýratyn bölüm — tennis boýunça inklýuziw ussatlyk sapaklary boldy. Maýyplygy bolan çagalar bilen beýleki çagalaryň bile oýnamagy sport arkaly integrasiýanyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Guramaçylar diňe bilelikdäki tagallalar arkaly her bir çaganyň aýratynlygyna garamazdan, kabul edilýän, goldanylýan we hormatlanýan geljegi döredip boljakdygyny nygtadylar.
ORIENT
