Kýurasaonyň milli ýygyndysy ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna çykyp, taryhy üstünlik gazandy. Şol bir wagtyň özünde, ol dünýä çempionatyna çykmagy başaran iň az ilatly ýurt boldy. Adada, takmynan, 156 müň ilat ýaşaýar. Munuň özi Kýurasaonyň bu ugurdaky ozalky rekordyň eýesi Islandiýany yzda galdyrmagyna mümkinçilik berdi.
Bu üstünlikde tejribeli niderlandly tälimçi Dik Adwokat möhüm rol oýnady. Ol 2024-nji ýylyň ýanwaryndan bäri milli ýygyndynyň baş tälimçisi bolup işleýär.
DÇ-2026-nyň KONKAKAF-daky saýlama tapgyrynyň 6-njy tapgyryndan orun alan Kýurasao — Ýamaýka oýnunda ýer eýeleri taryhy netijäni gazanmagy başardylar. Duşuşyk 19-njy noýabrda (Aşgabat wagty bilen) Kinston şäherindäki «Independenсe Park» stadionynda geçirilip, 0:0 hasabynda tamamlandy. Bu deňlik Kýurasaonyň ýygyndysyna dünýä çempionatyna gönüden-göni çykmaga mümkinçilik berdi.
Häzirki wagtda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek DÇ-2026 ýaryşyna gatnaşjak 48 ýygyndynyň 42-si belli boldy. Olaryň hatarynda ABŞ, Kanada, Meksika, Ýaponiýa, Täze Zelandiýa, Eýran, Argentina, Özbegistan, Koreýa Respublikasy, Iordaniýa, Awstraliýa, Braziliýa, Ekwador, Urugwaý, Kolumbiýa, Paragwaý, Marokko, Tunis, Müsür, Alžir, Gana, Kabo-Werde, Günorta Afrika, Katar, Saud Arabystany, Angliýa, Senegal, Kot-d’Iwuar, Fransiýa, Horwatiýa, Norwegiýa, Portugaliýa, Germaniýa, Niderlandlar, Şweýsariýa, Ispaniýa, Şotlandiýa, Awstriýa, Belgiýa, Kýurasao, Panama we Gaiti bar.
ORIENT
