«Arkadag» toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşyndaky garşydaşynyň tälimçisini çalyşmagy mümkin. Has takygy, türkmen topary bilen bilelikde «B» toparçadan orun alan Özbegistanyň «Andijan» kluby häzirki baş tälimçisi Maksim Şatskihi işden boşadyp, onuň ýerine Samwel Babaýany getirmegi meýilleşdirýär. Bu barada stadion.uz saýty habar berdi.
Çeşmäniň habar bermegine görä, topar bilen hünärmeniň arasynda eýýäm ähli şertler dilden ylalaşylypdyr. Ýöne Babaýanyň haçan toparyň baş tälimçiligine resmi ýagdaýda belleniljekdigi barada heniz takyk maglumat ýok.
Samwel Babaýan tälimçilik karýerasynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna, «Pahtakor» we «Nawbahor» ýaly öňdebaryjy özbek toparlaryna hem halypalyk edipdi.
Ýeri gelende bellesek, «Andijan» 26-njy noýabrda AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşynyň 5-nji tapgyrynyň çäginde «Arkadag» topary bilen duşuşar. Oýun Özbegistanda geçiriler.
«Andijan» häzirki wagtda turnirdäki 4 oýnunyň ählisini 0:0 hasabyndaky deňlikde tamamlady.
ORIENT
